“Dünýä” kärhanasynyň ýokary hilli et we şöhlat önümleri

Maý 17, 2025 - 10:25
“Dünýä” kärhanasynyň ýokary hilli et we şöhlat önümleri
Türkmen Gündogary

        Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumly özgertmeler we döredilýän giň mümkinçilikler, edara-kärhanalarda, hususan-da, hususy ulgamdaky telekeçilikde uly zähmet galkynyşyny döredýär. Azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde telekeçileriň alyp barýan işleri we döwrebap önümçilikleri möhüm orun eýeleýär.Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň we partiýasynyň agzasy bolan “Dünýä” hususy kärhanasy Türkmenabat şäherinde 20 ýyldan bäri et we et önümlerini öndürip, ilata ýokary hilli hyzmat edip gelýär. Kärhananyň işçi-hünärmenleri dürli görnüşli et önümleri bilen ilaty üpjün edýär.

  — Önümçiligimizde her gün 100 kg, aýda 2,5 tonnadan gowrak şöhlat önümi taýýarlanýar. 15 görnüşli şöhlat önümi öndürýäris: ýarym kakadylan “Hazar”, “Köýtendag”, “Awçy”, “Daşrabat”, “Gökdere”, gaýnadylan “Arkaç”, “Aşgabat”, “Altyn açar”, “Altyn kenar”, gaýnadylýp kakadylan “Änew”, “Altyn şapak”, ýokary hilli “Gündogar” şöhlat önümleri, “Altyn çeşme” büzmejine, “Şasenem”, “Gunça” ýaly dürli görnüşli et we şöhlat önümleri alyjylaryň uly islegine eýe — diýip, kärhananyň ýolbaşçysy we tehnology Tahir Talibow aýdýar.

      Kärhanada önüm hiline aýratyn üns berilýär. Çig mal şahsy hojalyklardan satyn alnan sygyr eti bolup, taýýar önümler ýörite barlaghanada yzygiderli hillilik synagynyň geçirilýär. Barlagdan geçen harytlar kärhananyň öz dükanlarynda we Türkmenabatdaky beýleki hususy dükanlarda satylyar. Sargytlar ýöriteleşdirilen awtoulaglar arkaly söwda nokatlaryna eltilýär.

— “Dünýä” haryt nyşany bilen öndürilýän et we şöhlat önümlerimiziň ýokary hilli bolmagynda barlaghanamyzyň hil barlagçysy Walentina Hudaýberdiýewanyň, işçi-hünärmenler Umyt Matýakubowyň, Ikram Şaýymowyň we satyjy Sabina Açilowanyň goşantlary uludyr. Agzybir zähmet netijesinde ýokary hilli önümler gazanylýar.

       Ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan toýlaryň şowly geçirilmeginde we halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň baýramlarynyň mynasyp garşylanmagynda telekeçilere döredilen giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys — diýip, T.Talibow ýürek buýsanjyny beýan edýär.