Türkmenabatda Konstitusiýa we Döwlet Baýdagy güni şowhunly baýramçylyk çäreleri geçirildi

Türkmenabatda Konstitusiýa we Döwlet Baýdagy güni şowhunly baýramçylyk bilen bellenildi. Türkmenabat şäherindäki «Jeýhun» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagy gününe bagyşlanan ýörite baýramçylyk dabarasy guraldy. Welaýat saglygy goraýyş müdirligi, saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary we Türkmenabat şäher geňeşi tarapyndan bilelikde geçirilen bu çäre ýerli ýaşaýjylaryň gatnaşmagyda ýokary ruhubelentlikde geçdi.Dabara saglygy goraýyş işgärleri, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary we ýaşuly nesliň ýörite wekilleri gatnaşdy. Çykyş edenler Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň milletimiziň agzybirliginiň, Garaşsyzlygynyň we hemişelik Bitaraplygynyň nyşanydygyny aýratyn nygtadylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu nyşanlaryň ähmiýeti barada giňişleýin duruldy. Baýramçylyk dabarasy Türkmenabat şäher medeniýet öýüniň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren şowhunly aýdym-sazly çykyşlary bilen ýokary ruhda dowam etdi. Ajaýyp aýdymlarda ýaşyl Tugumyzyň, asuda we abadan Watanymyzyň waspyna ýetirildi. Çykyşlar gatnaşyjylarda uly joşgun döretdi we baýramçylyk ýagdaýyny has-da bezedi. Bu dabara Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryna we Konstitusiýasyna bolan ýokary hormatyň, şeýle hem milletimiziň agzybirliginiň we Watançylyk ruhunyň aýdyň görkezijisi boldy. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar ýurdumyzyň rowaçlygyna we abadançylygyna bolan ynamyny täzeden beýan etdiler.