Duolingo emeli aň bilen 148 täze dil sapagyny taýýarlady

Maý 5, 2025 - 08:59
Duolingo emeli aň bilen 148 täze dil sapagyny taýýarlady

Duolingo okuw platformasy 148 sany täze dil sapagyny döretdi. Munuň üçin kompaniýa emeli aňdan peýdalandy. Öň beýle sapaklary taýýarlamak birnäçe ýyl wagt alýardy. Indi bolsa, bu işi emeli aň arkaly has çalt ýerine ýetirmek bolýar.

Ulanyjylar häzir iň meşhur ýedi dili — ispan, fransuz, nemes, italýan, ýapon, koreý we hytaý dillerini 28 dürli dilde öwrenip bilýärler. Bu dünýäniň dürli künjegindäki adamlara öz ene dillerinde öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Duolingo ilki bilen dil sapagyny taýýarlaýar, soňra bolsa şol mazmuny beýleki dillere geçirýär. Emeli aň diňe sapaklary taýýarlamaga kömek etmän, olary barlamaga hem ýardam berýär. Şeýlelikde, okuwlaryň hili ýokary bolýar.

Duolingo-nyň ýolbaşçysy Luis fon An bu çäre bilen kompaniýanyň emeli aňa esaslanýan kompaniýa öwrülýändigini aýtdy. Ol öň adamlar tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň indi awtomatlaşdyrylýandygyny hem belläp geçdi.