«Türkmenistan» awiakompaniýasy Günorta Koreýa yzygiderli gatnawlary ýola goýýar

Maý 5, 2025 - 10:40
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Günorta Koreýa yzygiderli gatnawlary ýola goýýar

"Türkmenistan" awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 14-nji iýulyndan başlap, Aşgabat — Seul — Aşgabat ugry boýunça hepdelik yzygiderli ýolagçy howa gatnawlaryny amala aşyrar. Bu barada kompaniýanyň resmi internet sahypasynda habar berilýär.

Täze gatnaw ugry halkara howa ugurlarynyň giňeldilmegine hem-de Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen awiasiýa hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Uçuşlar her hepde duşenbe günleri ýerine ýetiriler. Biletleriň satuwy eýýäm “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi sahypasynda hem-de ähli awiakassalarda açykdyr.

Aşgabatdan Seula bir taraplaýyn uçuş biletiniň bahasy 2852,5 manatdan başlanýar. Seul — Aşgabat ugry boýunça biletleriň bahasy bolsa ýakyn wagtda habar berler.