Düýe çalynyň adam bedenine ýetirýän birnäçe ajaýyp peýdalary

Düýäniň süýdi köplenç sygyr süýdünden has peýdaly hasaplanýar. Sebäbi onuň düzüminde ýokary derejede witaminler, minerallar we tebigy antibiotik ýaly maddalar bar. Düýe çaly immuniteti güýçlendirýär. Düýe çaly adam bedeniniň gorag güýçlerini artdyrýar.Onuň düzümindäki immunoglobulinler we laktoferrin ýaly maddalar bedeni wiruslara, bakteriýalara garşy gorap bilýär. Sygyr süýdüne alergetik adamlaryň köpüsi düýe çalyny rahat içip bilýärler. Süýdüň düzümi alergiýa döredýän beloklaryň derejesini peseldýär. Düýe çaly ganazlyga garşy hem kömek edýär. Ol demir we B12 witamini bilen baý. Ganazlykdan ejir çekýän adamlar üçin düýe çalyny içmek örän peýdaly. Onuň kalsiý we fosfor derejesi ýokary. Bu bolsa süňkleriň we dişleriň sagdynlygyny saklamaga kömek edýär, osteoporozyň öňüni alýar.