Ýüpüň hiç reňk almaz

Daşy çaňjaryp dursa-da, suwa girip çykan badyna aňrysy görnüp duran, duz ýa-da buz bölegini ýada salýan, örän turşumtyk we agzyňy gamaşdyryjy ajymtyk tagamly bu jisim «zäk», käbir ýerlerde bolsa, «ajy daş» diýlip atlandyrylýar. Himiki gurluşy boýunça zäk alýuminiň, hromuň, demriň hem-de aşgarly metalyň ýa-da ammoniniň ikili kükürt turşy duzudyr. Ol has irki döwürlerde Hytaýda we Müsürde halk lukmançylygynda, dokmaçylykda, kagyz önümçiliginde ulanylyp başlanypdyr.
Taryhy maglumatlara görä, 1248-nji ýylda Neapolda zäk öndürýän kärhanalar bolupdyr. Gündogaryň halk lukmançylygynda zäk agyryny, ýakymsyz yslary aýyryjy, deridäki bakteriýalary ýok ediji, dürli keselleri bejeriji serişde hökmünde ulanylypdyr. Öz döwrüniň tanymal lukmany bolan Mahmyt Zamahşary süýji keselinde döreýän ýaralaryň zäkli suw bilen bejerilýändigi baradaky maglumatlary miras galdyrypdyr. Agyz boşlugyndaky ýaralary bejermek üçin, hassanyň agzyny zäkli suwa çaýkadypdyrlar.
Häzirki wagtda deri kesellerini bejermekde, şeýle hem kosmetologiýada ýüzdäki tegmilleri, örgünleri aýyrmakda zäkden belli bir derejede peýdalanylýar. Türkmen gelin-gyzlary dürli reňkde haly, palas, keteni dokamak üçin zäkden peýdalanypdyrlar. Çünki zäk goşulyp boýalan ýüplük ýa-da mata öz reňkini uzak wagtlap saklapdyr. Şonuň üçin halkymyz zäge hikmetli zat hökmünde garapdyr. Ýewropa döwletlerinde orta asyrda ýaşan suratkeşleriň arasynda çekýän suratlarynyň reňkleriniň uzak wagtlap saklanmagy üçin zäkden peýdalanandyklary baradaky maglumatlara duş gelmek bolýar.
Biziň döwrümizde zäk ýüňden we pagta süýümlerinden egrilýän ýüplükleri boýamakda, fotosurat önümçiliginde, lukmançylykda giňden peýdalanylýar.