Grok gürlemäge başlady

Maý 6, 2025 - 18:08
Grok gürlemäge başlady

xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Grok çat-boty täze mümkinçilik bilen üpjün edildi — häzirki wagtda ol ses arkaly aragatnaşyk gurup bilýär. Täze funksiýanyň goşulmagy bilen ulanyjylar indi Grok bilen diňe ýazuw arkaly däl, eýsem ses arkaly hem sorag berip, audio görnüşinde jogap alyp bilýärler.

Ses režimi häzirki wagtda iOS enjamlary üçin Grok programmasynda elýeterlidir. Android ulgamyndaky ulanyjylar üçin bolsa bu aýratynlyk diňe SuperGrok abunaçylygy bolanlara açykdyr.

Täze tehnologiýa birnäçe dili goldaýar, bu hem emeli aň bilen gatnaşygy giň ulanyjylar üçin amatly we elýeterli edýär. xAI-iň esaslandyryjysy Ilon Mask bu täze aýratynlyga ýokary baha berip, X sosial ulgamynda şeýle ýazgy galdyrdy: “Grok-yň ses režimini synap görüň. Bu haýran galdyryjy”.

Täze mümkinçilik bilen özüniň "gürläp" başlamagyny Grok hem şeýle teswirledi: “Grok ‘Goý, ses bolsun’ diýdi we ses ýaňlandy”.