Lebap welaýatynyň sement zawodynda iki esse diýen ýaly ösüş gazanyldy

Lebap sement zawodynda 2025-nji ýylyň ilkinji çärýeginde jemi 371,1 müň tonna ýokary hilli sement öndürildi. Bu görkeziji geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 83,3 göterimlik ösüşi görkezýär. Bu ösüş zawodyň önümçilik kuwwatynyň netijeli peýdalanylýandygyny we içerki hem-de daşarky bazarlara degişli islegiň ýokarydygyny tassyklaýar.
Ýatladyp geçsek, bu zawod ýurduň gurluşyk senagatynyň ösmegine itergi bermek maksady bilen gurlupdy. Onuň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy 2024-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçirildi. Täze önümçilik desgalarynyň işe girizilmegi bilen zawodyň tehniki mümkinçilikleri ep-esli giňeldi.
Häzirki wagtda Lebap sement zawody ýylda 2 million tonna çenli sement öndürmäge ukyply bolup, bu göwrüm ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň hajatlaryny doly üpjün etmek bilen birlikde, eksport mümkinçiliklerini hem giňeldýär. Sementiň ýokary hili we halkara standartlaryna laýyk gelmegi onuň daşary ýurt bazarlarynda-da uly isleg bilen garşylanylmagyny şertlendirýär.
Zawodda döwrebap enjamlar ornaşdyrylyp, ekologik howpsuzlyk kadalaryna laýyklykda önümçilik alnyp barylýar. Munuň özi ýurduň senagatynda durnukly ösüşe we ýokary netijelilige ýol açýar.