WhatsApp-da täze funksiýa: söhbetleriňiziň goragyny güýçlendiriň

WhatsApp-a täze funksiýa — «Söhbetdeşlikde giňişleýin gizlinlik goragy» (rus. «Расширенная защита конфиденциальности в чате») girizildi. Bu mümkinçilik söhbetdeşlige gatnaşýan beýleki ulanyjylaryň mümkinçiliklerini çäklendirmek üçin döredildi: habarlary eksport etmegi, media faýllarynyň awtomatiki ýüklenişini we söhbetdeşlikde emeli aň (AI) funksiýalarynyň ulanylmagyny gadagan edip bolýar. Bu funksiýa aýratyn hem-de toparlaýyn söhbetdeşlikler üçin peýdaly bolup biler.
Täze sazlamalaryň kömegi bilen, siz islemeseňiz, hiç kim söhbetdeşligiň daşyndan onuň mazmunyna elýeterlilik alyp bilmez.
Goragy işjeňleşdirmek üçin, söhbetdeşligiň adynyň üstüne basmak we «Söhbetdeşlikde giňişleýin gizlinlik goragy» bölüminden degişli sazlamany saýlamak ýeterlikdir. Kompaniýanyň bellemegine görä, bu funksiýanyň diňe ilkinji wersiýasy bolup, geljekde täze mümkinçilikler bilen kämilleşdiriler.
Bu mümkinçilik gysga wagtda WhatsApp-yň iň täze wersiýasynyň ähli ulanyjylary üçin elýeterli bolar.