Gün şöhlesinden goranmagyň kadalary

Ýaz paslynda hem, tebigatyň aýratynlyklary bilen baglylykda, howanyň derejesiniň ýokary galýan, Günüň ýiti gyzýan halatlary bolýar. Şol sebäpli gartaşan adamlaryň, dowamly kesellerden ejir çekýänleriň öz saglygyna has ünsli bolmagy, kiçi ýaşly çagalaryň Günüň ýiti gyzýan çagynda daşary çykmazlygy maslahat berilýär. Gün şöhlesi arkaly bedende ýaşaýyş üçin zerur bolan D witamini döreýär, suwduz çalşygy işjeňleşýär. Derlemek arkaly bedenden artyk bolan suwuklyk çykarylýar. Bu hadysanyň kadaly ýagdaýda dowam etmegi üçin, hökman günüň dowamynda 1,5-2,5 litr mukdarda arassa agyz suwuny bedene birbada agram salmazdan içmeli. Dermanlyk otlardan taýýarlanan dürli görnüşli melhem çaý ýaz paslynda kuwwat berip, teşneligi gandyrýar hem-de keselleriň öňüni alýar. Gartaşan adamlar we çagalar daşary ir säher bilen sagat 6:00 — 9:00 aralygynda, agşam 18:00 — 21:00 aralygynda ýanyna gerekli mukdarda agyz suwuny alyp, paslyň talaplaryna laýyk geýnip çykmalydyr. Şunda açyk reňkli başgap geýmek ýa-da ýaglyk daňynmak hökmandyr. Gün şöhlesiniň ýiti wagtynda ýa-da agşam sagat 21:00-dan soň deňze girmek bolmaýar. Gün şöhlesiniň dowamly göni täsiri bilen damarlarda ganyň lagtalanmagy netijesinde, böwrek we ýürek näsazlygy, beýni gan aýlanyşygynyň bozulmagy ýaly ýagdaýlaryň ýüze çykmagy mümkin. Gün şöhlesiniň ýaramaz täsirlerinde şu alamatlar — deri örtüginiň gyzarmagy, ysgynsyzlyk, demgysma,kellagyry, başaýlanma, ýürek urşunyň peselmegi, ýürekbulanma, içagyry, buşukmanyň bozulmagy, bihuşluk, agyr ýagdaýlarda tutgaý alamatlary, çagalarda köp ýagdaýda burnuň ganamagy ýüze çykyp biler. Şeýle ýagdaýlarda hökman «Tiz kömek» gullugyna habar edilmelidir.