Kofe içmek saglyga peýdalymy?

Maý 1, 2025 - 19:17
Kofe içmek saglyga peýdalymy?

Kofe — dünýäde iň köp isleg bildirilýän önümleriň biri bolup, onuň saglyga edýän täsirleri barada yzygiderli ylmy gözlegler alnyp barylýar. Şu günler şeýle barlaglaryň biriniň täze netijeleri köpçülige ýetirildi.

On ýyl dowamynda 40 müň adamyň gatnaşmagynda geçirilen giň möçberli barlagda kofe içilýän wagty onuň täsiri öwrenilipdir. Alymlaryň aýtmagyna görä, irden içilen kofe ýürek saglygy üçin has peýdaly bolup çykypdyr.

Ir bilen kofe içmegiň bedeniň sagdyn işlemegine, aýratyn-da ýüregiň kadaly işine oňyn täsir edýändigi anyklanypdyr. Munuň tersine, gün dowamynda soňraky wagtlarda içilen kofe irden içilen kofe ýaly peýdaly täsir etmän, onuň täsirini peseldýär.

ABŞ-nyň Täze Orlean şäherindäki Luiziana ştatynyň Tulane uniwersitetiniň professory Lu Si kofe içmegiň wagtynyň örän möhüm faktor bolup durýandygyny nygtap, esasy meseläniň näçe mukdarda kofe içilýändiginde däl-de, onuň haýsy wagtda kabul edilýändigindigini belleýär.

Professoryň pikiriçe, häzirki wagtda dietologlar kofe içmegiň wagty bilen bagly ýörite maslahat bermeýärler. Ýöne ylmy barlaglaryň şu ugurda dowam etmegi bilen geljekde bu babatda hem anyk maslahatlaryň berilmegi mümkin.

Bu ylmy gözlegiň netijeleri abraýly «European Heart Journal» ylmy žurnalynda neşir edildi.