Alajagaplaň — daglaryň bezegi

Alajagaplaň — daglaryň bezegi

Alajagaplaň pişikler maşgalasyndan bolup, ýurdumyzda duş gelýän pişikleriň iň ulusydyr. Onuň uzynlygy 130 — 180 santimetre, agramy 70 kilograma çenli bolýar. Arasy açyk, gysgadan uçlary aýlawly gulaklary alajagaplaňa gelşik berýär. Onuň guýrugynyň uzynlygy 95 — 116 santimetre ýetýär. Alajagaplaňyň göwresi uly bolup, ol örän güýçlüdir, öňki penjeleri has-da kuwwatlydyr. Onuň tüýleri gysgadan gür bolup, menekli hamynyň reňki melemtil-goňurdan gyzylymtyl-çypar görnüşe çenli üýtgeýär.

 Alajagaplaňlar ýylyň bütin dowamynda diýen ýaly ýekelikde ýaşap, diňe höwür döwründe jübütleşýärler. Ene alajagapla­ňyň ýaz aýlarynda dogran çagasy, köplenç, 2-3 sany bolýar. Olar enesiniň ýanynda 12 — 15 aýlap bolýarlar. Uly we kiçi Balkan daglary, Köpetdag, «Bathyz» döwlet tebigy goraghanasy alajagaplaň­laryň mekanydyr. Sebäbi bu ýerlerde olara ýaşamaga, neslini dowam etdirmäge ähli tebigy şertler bar. «Bathyz» döwlet tebigy goraghanasynyň daglyk ýerleri, Ýeroýlanduz çöketliginiň uçut gaýaly ýerleri, «Gyzyljar» çäkli goraghanasy, şonuň ýaly hem pisse tokaýlygy olara ýaşamaga amatly ýerlerdir. XX asyryň 80-nji ýyllarynda goraghanada we oňa ýanaşyk ýerlerde ylmy-barlag işleri geçirilende, olaryň sanynyň durnuklaşýandygy bellenilipdir.

 Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ylmy-barlag işlerini geçirmäge giň mümkinçilikleri döretdi. Goraghananyň meýdanlarynda ýyrtyjy haýwanlaryň gije-gündiziň dowamyndaky işjeň­ligini öwrenmek we sanyny hasaba almak üçin fotogapanlaryň ulanylmagy olar barada has takyk maglumatlary almaga ýardam edýär.

Munuň özi olaryň diňe sanyny anyklamak däl, şol bir alajagaplaňmy ýa-da başgasymy, de­ňeşdirmäge-de mümkinçilik berýär. Soňky ýyllarda goraghananyň meýdanlarynda geçirilen gözegçilik işlerinden görnüşi ýaly, alajagaplaň­laryň ýaş çagalarynyň, uly ýaşdaky çagalarynyň, ýeke erkek, ene alajagaplaň­laryň bolmagy, olaryň sanynyň kadaly köpelýändigi begendirýär. Alajagaplaňlar tomus möwsüminde goraghananyň inžener-tehniki desgasynyň aňyrsyndaky meýdanlarda, tebigy çeşmeleriň töwereginde ýaşaýarlar.

Güýz paslyndan tä maý aýyna çenli Agarçeşme, Kepele pisse tokaýlyklarynda, Ýeroýlanduz çöketliginiň, Gyzyljaryň kert gaýaly ýerlerinde ýygy-ýygydan duş gelýärler. Alajagaplaň güýçli haýwan bolsa-da, onuň hem duşmany az däldir. Mälim bolşy ýaly, ene alajagaplaň çagasyny ýekelikde ösdürip ýetişdirýär. Ol ýaş çagalaryny ýeke goýup, awa çykmaly bolanda, syrtlan, möjek ýaly ýyrtyjylar onuň çagalaryna howp salýarlar. Alajagaplaňlar, esasan, aýraklary, gulanlary, keýikleri, ýekegapanlary, oklukirpileri awlaýarlar. Kähalatlarda tilkidir möjegi, ownuk gemrijileri, käkilikleri awlaýan wagtlaryda bolýar. Olar awuny dürli ýollar bilen, meselem, bukdaklap golaýyna baryp ýa-da awuň geljek ugrunda gizlenip, garaşmak ýoly bilen awlaýarlar. Özleriniň endiklerine görä, belli bir meýdany gorap saklaýarlar. Olar aýaklary bilen ýeri peşäp, üstüne tezegini goýup bellik edýär.

Geçirilen wideogözegçilik işleri olaryň goýýan belliklerini aýda bir gezek täzeleýändiklerini görkezýär. Edebiýatlarda berilýän maglumatlara görä, her erkek alajagaplaň 30 — 45 müň, ene alajagaplaň bolsa 15 müň gektar meýdany gorap saklaýar. Olar beýleki ýyrtyjylar ýaly özüniň goraýan meýdanyndaky haýwanlary parçalamaýarlar. Bir jandary awlasalar iýip, galan bölegini agaçlaryň üstüne çykaryp goýýarlar we tä gutarýança, soňky bölegine çenli zaýalaman iýýärler. Alajagaplaň daşky keşbinden howply görünse hem, ol adam bilen pete-pet gelse topulmaýar. Eger-de ýanynda çagasy ýa-da awlan awlary bolsa, ondan daşrak bolan ýagşydyr.

Alajagaplaň Türkmenistanyň we Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl kitaplaryna girizilip, döwlet tarapyndan goralýar. Bu owadan jandaryň ýitip gitmezligi üçin, 1969-njy ýyldan bäri ony awlamak gadagan edildi. Daglarymyzyň guwanjy bolan alajagaplaň­lary gorap saklamaga ýurdumyzda ähli şertler bar.