Günorta Afrikaly Akani Simbine Useýin Boltuň rekordyndan öňe geçdi
Günorta Afrikaly Akani Simbine Useýin Boltuň rekordyndan öňe geçdi

Track & Field Gazette neşiriniň habar bermegine görä, Günorta Afrikanyň ýeňil atletikaçysy Akani Simbine 100 metr aralygy 11 möwsüm yzygiderli 10 sekuntdan hem pes wagtda geçip, täze bir rekord goýmagy başardy.
Bu üstünlik bilen ol öňki şöhratly ýamaýkaly türgen Useýn Boltuň 10 möwsüm dowam eden şonuň ýaly ýokary tizlikli görkezijisinden öňe geçdi.
32 ýaşyndaky türgen Botswananyň Gaborone şäherinde guralan Gold derejeli World Athletics Continental Tour ýaryşynda bu üstünligi gazandy. Simbine bu ýaryşda 100 metr aralygy 9,90 sekuntda geçdi.
Şeýle-de bolsa, ol häzirki wagtda hem 100 metr ylgawynyň iň çalt adamy hasaplanýan Boltuň rekordyndan haýal ylgady. Useýn Boltuň bu aralykda şahsy rekordy 9,58 sekunt bolup, Simbiniň iň gowy netijesi 9,82 sekuntdyr. Ol bu görkezijini geçen ýylda gazanypdy.
Simbine şeýle durnukly we ýokary tizlikli netijeleri görkezmegine garamazdan, halkara derejesindäki ýaryşlarda entek altyn medal gazanyp bilmändir. Onuň halkara derejesindäki ýeke-täk şahsy baýragy ýapyk bina şertlerinde 60 metr ylgawda gazanan bürünç medalydyr. Şeýle hem, ol 2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda Günorta Afrikanyň 4x100 metr estafeta topary bilen kümüş medal gazandy. Şahsy ýaryşlarda bolsa, 100 metr aralygy üç gezek pellehananyň golaýynda tamamlady: Rio-2016-da bäşinji, Tokio-2020-de we Pariž-2024-de dördünji orny eýeledi.