Lebap topary Ählihalk spartakiýadasynda ikinji orny eýeledi
Aşgabat, 2025-nji ýylyň 22-nji maýy — Lebap welaýatynyň ýygyndy topary «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» şygary astynda geçirilen XIV Ählihalk spartakiýadasynda ikinji orna mynasyp boldy. Bäsleşiklere ýurduň ähli welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden toparlar gatnaşdy.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web sahypasynda ýerleşdirilen maglumata görä, birinji orny Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary gazandy. Üçünji orny bolsa Ahal welaýatynyň ýygyndysy eýeledi.
Spartakiýadanyň çäklerinde uniwersiýadanyň netijeleri hem jemlenildi. Orta mekdepler, hünär-tehniki, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda iň gowy bilim edaralary kesgitlenildi. Şeýle hem ýokary sport netijelerini görkezen ministrlikler, pudaklaýyn edaralar, harby we hukuk goraýjy edaralary kesgitlendi.
Ählihalk spartakiýadasy sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, köpçülikleýin sporty ösdürmek we ýaşlaryň arasynda täze zehinli türgenleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.