«HAKYDA GÖWHERI» hakynda buýsançly pikirler

Apr 30, 2025 - 15:48
«HAKYDA GÖWHERI» hakynda buýsançly pikirler

Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan dörän «Hakyda göwheri» atly kitaby türkmen we dünýä okyjylaryna ajaýyp sowgat boldy. Gözbaşyny şöhratly taryhymyzyň çuň sahypalaryndan alyp gaýdýan milli edebiýatymyzdan, äleme ýaň salýan sungat eserlerimizden söz açýan bu gymmatly hazyna bilim, ylym, sungat işgärleriniň buýsanjyna öwrüldi. Kitapda türkmen behişdi bedewlerimiz hakynda gymmatly maglumatlar berilýär. Alym Arkadagymyz: «Bedew türkmenler üçin iň wepaly dostdur, bedew atlar halk rowaýatlarynyň, ertekileriň gahrymanydyr» diýip belleýär. Bu parasatly jümlelerde aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýän mysallary «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly eserlerimiziň mazmunyndan isledigiňçe tapmak mümkindir. Bu eserlerde baş gahrymanlar bedew atlary bilen ýeňiş gazanýarlar. Şeýlelikde, bedew atlar öz eýeleri bilen bilelikde türkmen edebiýatynyň taryhyna siňip gidýär. Kitapda makedon serkerdesi Aleksandr Makedonskiniň (Isgender Zülkarneýn) rowaýata siňen şa bedewi Busefalyň Nusaý atlarynyň tohumyndan dörändigi, şanyň bu topraklara we Nusaý bedewlerine aşyk bolandygy barada gymmatly maglumatlar bar. Gahryman Arkadagymyz şol döwrüň ýyl ýazgylarynda: «Aleksandr Gündogary tabyn etdi — Gündogar Aleksandry! diýip ýazypdyrlar» diýip belleýär. Köpetdag, Köýtendag dag etekleriniň daş ýazgylary özleriniň toýnak yzlaryny goýan, dünýäni özüniň gözelligine, düşbüligine, ynsansypat häsiýetine maýyl eden behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratynyň egsilmezdigine şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi bedewlerimiz halkymyzyň durmuşynda we ruhunda ýaşamagyny dowam edýär. Bu gün behişdi ahalteke bedewlerimiziň täze taryhy döwürdäki şan-şöhraty Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen aýrylmaz baglanyşykly. Milli baýlyklarymyza belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň galamlarynyň ýiti, janlarynyň sag, döwletli başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.