Äleme çykan ilkinji türkmen hemrasyna 10 ýyl doldy

Apr 30, 2025 - 11:33
Äleme çykan ilkinji türkmen hemrasyna 10 ýyl doldy

2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň kosmos ulgamyndaky taryhy wakasy amala aşyryldy – Kanaweral burnundaky (Florida ştaty, ABŞ) kosmodromdan “Falcon 9” raketa-göterijisi arkaly ýurduň ilkinji aragatnaşyk hemrasy üstünlikli äleme çykaryldy. Bu möhüm taslama Türkmenistanyň sargydy esasynda Fransiýanyň öňdebaryjy kompaniýasy “Thales Alenia Space” tarapyndan durmuşa geçirildi.

“TürkmenÄlem 520E” häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan hemra bolup, onuň hyzmatlary giň geografiýany – Merkezi Aziýany, Ýewropany, Ýakyn Gündogary we Demirgazyk Afrikany – öz içine alýar. Enjam arkaly hemra telefoniýasy, maglumatlaryň ugradylmagy we aragatnaşygyň dürli görnüşleri üpjün edilýär.

Bu hemranyň äleme çykarylmagy bilen Türkmenistan öz telekommunikasiýa ulgamynyň ösüşinde täze bir möhüm tapgyra gadam basdy. “TürkmenÄlem 520E” ýurdumyzyň diňe bir içerki aragatnaşyk mümkinçiliklerini giňeltmän, eýsem halkara aragatnaşyk ulgamynda hem ähmiýetli orun eýelemegine ýardam etdi.

Hemra arkaly hödürlenýän hyzmatlar giň gerimlidir:

  • Türkmen, rus, iňlis, pars, türk we özbek dillerinde 300-den gowrak ýokary hilli tele we radio ýaýlymlarynyň görkezilişini üpjün edýär;

  • Ýurt içindäki sebitlerde, aýratyn-da uzakda ýerleşýän ýerlerde ýerüsti aragatnaşyk infrastrukturasy bilen utgaşyklylykda milli aragatnaşyk ulgamyny berkidýär;

  • Döwlet edaralarynyň we hususy kompaniýalaryň durnukly maglumat alyş-çalşygy üçin ygtybarly hyzmat berýär.

Häzirki wagtda bu hemra “Dragon Oil”, “Eni Turkmenistan” ýaly iri energetika kompaniýalary tarapyndan giňden peýdalanylýar. Bu bolsa, hemra hyzmatlarynyň nebitgaz sektoryndaky maglumat geçirijiligi we tehniki aragatnaşyk üçin möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär.

Şeýle hem, “TürkmenÄlem 520E” ýurduň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky maglumat geçiriş ulgamyndaky üstaşyr ähmiýetini hem artdyrdy. Türkmenistanyň dünýä bilen aragatnaşyk köprüsine öwrülmeginde bu hemranyň goşandy örän uludyr.

Geçen on ýylyň dowamynda “Türkmen hemrasy” hojalyk jemgyýeti ösen tehnologiýalar esasynda ýokary hilli hyzmatlary üpjün etmekde sebitde öňdebaryjy we ygtybarly operator hökmünde tanalýar.

Şu günler “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen hyzmatdaşlykda “Türkmen hemrasy” ÝGPJ ikinji aragatnaşyk hemrasynyň äleme çykarylmagy boýunça mümkinçilikleri öwrenýär. Täze hemra häzirki infrastruktura goşmaça mümkinçilikler döretmek bilen, uzak aralykdan maglumat geçirmekde täze mümkinçilikleriň gapysyny açar.

“TürkmenÄlem 520E” hemrasynyň mümkinçilikleri, hyzmatlary we beýleki maglumatlar bilen www.turkmenhemrasy.gov.tm resmi saýty arkaly tanyşyp bilersiňiz.