Tommi Şelbiniň geýen eginbaşlary haýyr-sahawat auksionyna çykar

Apr 30, 2025 - 16:27
Tommi Şelbiniň geýen eginbaşlary haýyr-sahawat auksionyna çykar

Killian Mýorfiniň “Kesgir gaşlar” (Острые козырьки) teleserialynda Tommi Şelbiniň keşbinde geýen üç bölekli kostýumy haýyr-sahawat maksady bilen Omega Auctions tarapyndan auksiona çykaryldy. Bu auksiondan gelen ähli girdeji rak keselinden ejir çekýän adamlar üçin niýetlenen goldaw maksatlaryna gönükdiriler.

Auksion 20-nji maýda Mançesterdäki Peaky Blinders tematik bardan onlaýn görnüşde geçiriler. Bu gymmatly eşigiň 1000-den 2000 funt sterlinge çenli baha tapmagyna garaşylýar.

Satyljak toplumyň düzümine Mançesterdäki Williams & Gill tikinçiligi tarapyndan taýýarlanan köýnek, aktýoryň serialyň surata düşürilişi döwründe ýazan haty we içi ýazgylar bilen doldurylan on sahypalyk depderçe girýär. Auksiondan düşýän ähli serişdeler The Christie NHS Foundation Trust-nyň gözleg taslamalaryna hem-de bu ugurda bejergi alýan hassalara kömek edýän The Christie Charity haýyr-sahawat guramasyna geçiriler.

Mýorfiniň eşiginden başga-da, auksionda “Kesgir gaşlar” serialyndan başga-da birnäçe täsirli haryt hödürlener. Olaryň hatarynda Polli Greýiň köýnegi we paltosy, Oswald Mosliniň şlýapasy, şeýle hem Şelbi maşgalasynyň we beýleki gahrymanlaryň geýen aýakgaplary bar.

“Kesgir gaşlar” serialy 2013-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli ekranlarda görkezildi we jemi alty möwsümden ybarat boldy. Häzirki wagtda bu serialyň awtory Stiwen Naýt onuň dowamynyň film görnüşinde taýýarlaýandygyny mälim etdi. Täze filmde wakalar 1900-nji ýyllarda Birmingem şäherinde dowam eder. Baş keşbi gaýtadan ýerine ýetirmek üçin Killian Mýorfi täzeden tomaşaçylaryň öňüne çykar. Aktýorlar toparynda Stiwen Grem, Tim Rot, Rebekka Fergýuson, Barri Keogan, Sofi Randl, Ned Dennehi, Paki Li we Ien Pek ýaly meşhur atlar bar.