Halkara bilim hyzmatdaşlygy: abadan geljegiň bähbidine tagallalar
Bilim we ylym jemgyýetiň ösüşini üpjün edýän gymmatlyklar bolup, bütin adamzadyň abadan geljegini gurmagyň ýol çelgisidir. Şoňa görä-de, häzirki wagtda Türkmenistan döwletimizde bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmäge, bilim ýüki we ylym gory ýeterlik nesilleri kemala getirmäge, olaryň ylmy başlangyçlaryny goldamaga, şol sanda bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň ýakynda Günüň dogýan ýurdy hasaplanýan, ençeme ýyllardan bäri hoşniýetli hyzmatdaşymyz Ýaponiýa amala aşyran ilkinji saparynyň mysalynda ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik.

Ilkinji nobatda, dostlukly ýurda saparynyň barşynda döwlet Baştutanymyza Ýaponiýanyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory diýen alymlyk derejesiniň berlendigini nygtamak gerek. Ýokary sylag iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, hususan-da, bilim-ylym ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini tassyklamak bilen, «Beýik işler bilime daýanýar» diýýän döwlet Baştutanymyzyň bu ugurdaky tagallalarynyň belent ykrarnama eýe bolýandygyny görkezdi. Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň hem bu uniwersitetiň hormatly doktorydygyny bellemek diýseň buýsandyryjydyr. Kämil bilimli, ylmy gözlegleri alyp barmaga ukyply ýaş nesilleri ýetişdirmek, olaryň dünýä ýaşlary bilen tejribe alyşmaklaryny ýola goýmak her bir kuwwatly döwletiň alyp barýan syýasatynyň hemişe üns merkezinde durýan möhüm meseleleriň hataryndadyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň amala aşyran saparynyň barşynda iki ýurduň arasynda gol çekilen 15 resminamanyň 5-siniň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilmegi türkmen-ýapon gatnaşyklarynda bu ugra aýratyn ähmiýet berilýändiginiň netijesidir. Bu resminamalara laýyklykda, iki ýurduň arasyndaky netijeli bilim hyzmatdaşlygy geljekde has-da berkidiler we ilerlediler, täze derejelere çykarylar. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagta çenli türkmen-ýapon medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň baý tejribesi toplandy. Muňa ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýapon diliniň öwredilmegi, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, hususan-da, geçen ýyllarda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda degişli resminamalaryň kabul edilmegi aýdyň mysallardyr. Şeýle-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama göni wideoaragatnaşyk arkaly gol çekildi. Jemläp aýdanyňda, döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýa amala aşyran ilkinji sapary uly üstünliklere beslenip, iki dostlukly ýurduň dürli ugurlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläkde netijeli ösdürmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardygyny görkezdi. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, «Biziň döwrümiz ylmyň hem bilimiň döwri».