Tizlik boýunça tebigatyň 5 sany ýyldyzlary

Ýer ýüzünde iň tiz hereket edýän 5 sany guşlar: olar haýsylar, näçe tizlik bilen hereket edýärler

Apr 24, 2025 - 10:55
Tizlik boýunça tebigatyň 5 sany ýyldyzlary

Käwagt pikir edýärsiň: iň çalt zat näme bolup biler? Sport awtoulagy? Jet uçary? Belki, raketa? Emma tebigatda, haýwanlaryň arasynda hem şeýle tizligi bilen haýran galdyrýan janlylar bar. Olaryň käbiri aw tutmak üçin şeýle çalt uçýar, beýlekiler bolsa bu ukyp bilen dünýä inen. Olaryň arasynda diňe guşlar däl — jüýjeler, hatda kiçijik süýdemdirijiler hem bar.

Ine, siziň üçin tebigatyň rekordçylary — ýer ýüzündäki iň çalt hereket edýän 5 janly jandarlar. Olar howada diňe uçman, eýsem şol howany öz güýji bilen ýaryp geçýärler.

5-nji ýer — Meksikan azatguýruk uçýan syçany

Uçýan syçanlar — dünýäde gorizontal uçuşda iň çalt hereket edýän süýdemdirijilerdir. Awiatreker bilen geçirilen ölçegler onuň tizliginiň 160 km/sagada ýetýändigini görkezdi. Şeýle tizlige ýetýän süýdemdirijini göz öňüne getirmek hem geň.

Ol Amerikanyň günortasyndan başlap Çilä çenli aralykda ýaşaýar. Esasan gowaklarda we köprüleriň aşagynda ýaşamagy halaýarlar. Tehasda ýerleşýän bir köpriniň aşagynda tomsuna 1,5 milliondan gowrak uçýan syçan jemlenýär. Bracken Cave gowagynda bolsa olaryň sany 20 milliona ýetýär.

Uzynlygy 9 sm-den geçmeýär, agramy bolsa 12 gramdan hem az. Emma uzyn we inçe ganatlary onuň çaltlygyna çäksiz kömek edýär. Şeýle hem ýüzünde eplenen deri we ýokaryk uzan gulaklary bar. Uçuşda mör-möjekleri awlaýar, hatda beýleki uçýan syçanlaryň ultrases signalyny bozup, iýmitini ondan öň tutmaga ukyplydyrlar.

4-nji ýer — Adaty pustelga

Pustelga — owadan we inçe bedenli, çaltlykda öňe çykan sokol görnüşli guş. Ol awyň yzyndan aşak çümende tizligi 160 km/sagada çenli baryp bilýär.

Ol howada awyny tutup, uçuş wagty onuň bilen iýmitlenýär. Awyny ilki dyrnaklary bilen tutýar, soňra howada agzyna geçirip iýýär. Bu juda çylşyrymly we ussat hereket.

Pustelga Ýewropada, Aziýada we Afrikada giňden ýaýrandyr. Uçuşy owadan we çalt, köplenç iňňeguýruga bilen meňzedilýär. Höwürtge gurmaýarlar — köplenç beýleki guşlaryň köne höwürtgesini eýeleýär.

Geçmişde bu guşy beýleki guşlara garşy awçylykda ulanýandyklary hem bellidir — onuň çaltlygy we batyrlygy onuň bu işde netijeli bolmagyny üpjün edipdir.

3-nji ýer — Akboýunly iňňeguruk

Bu guşuň bedeni raketa ýaly: berk, uzyn, inçe we güýçli ganatlary bar. Guýrugy bolsa iňňe ýaly inçedir.Gorizontal uçuşda tizligi 169 km/sagada ýetýär. Akboýunly iňňeguýryk tomusda Sibirde we Orta Aziýada bolýar, gyşda bolsa Hindistan, Günorta-Gündogar Aziýa we Awstraliýa tarap göçýär. Ýewropada seýrek duşýar.

Bu guş ýer ýüzüne seýrek düşýär, çünki ýerden uçup bilmegi kyn. Hatda uklamagy, su içmegi hem howada edýär. Ganatlary giň, guýrugy inçe, bedeni howadaky tizlik üçin ajaýyp döredilendir.

2-nji ýer — Bürgüt

Bürgüt erkin uçuşda 120–160 km/sagata çenli tizlik bilen uçýar. Emma awyň üstüne okdurlan pursatynda onuň tizligi 320 km/sagata çenli ýetýär. Bu sport awtoulagyň dagdan aşak düşýän wagtyndaky tizligine barabardyr.

Şeýle tizlige garamazdan, bürgüt örän takyk aw edýär. Guýruklaryny ýygşyryp, edil raketa ýaly aşak düşýär. Awyna degende, güýçli dyrnaklary bilen dessine öldürýär.

Ganatlarynyň aralygy 2,3 metre çenli, agramy bolsa 7,7 kilograma çenli ýetýär. Beýleki guşlardan tapawutlylykda, beýik daglar ýa-da agaçlaryň üstünde höwürtge gurýar we şol ýerde ýyllar boýy ýaşaýar.

Bürgüt — ýabany tebigatyň abraýly guşlarynyň biridir. Mongoliýada häzirki gün hem awçylar tilki, möjek ýaly haýwanlary awlamak üçin peýdalanýarlar.

1-nji ýer — Laçyn

Laçynyň uçuşda tizligi 389 km/sagata ýetip bilýär. Ýer ýüzündäki iň çalt janly jandar diýip hasaplanýar.

Urkaçy laçyn erkekden iki esse uly bolýar, agramy 1,5 kg çenli ýetýär, erkegi bolsa 700 gr ýetýär. Ganatynyň giňligi 120 sm çenli açylýar.

Laçynlar dünýäniň köp ýerinde ýaşaýarlar — Arktikadan başlap tropiklere çenli ýaýrandyr. Diňe Antarktidada we gür tokaýlarda ýaşamaýar.

Şäherlerde köplenç beýik binalarda ýa-da köprülerde höwürtge gurýarlar. Olar guşlary, esasan hem kepderileri awlaýarlar.