Hytaýda 10G ulgamy eýýäm işe girizildi: 8K filmi bir minutda ýükläp alyp bolýar
Hytaýda 10G ulgamy eýýäm işe girizildi: 8K filmi bir minutda ýükläp alyp bolýar

Huawei we China Unicom Sýunan sebitinde ilkinji giň zolakly 10G ulgamyny işe girizdi. Täze ulgam geçiriş ukybyny adaty gigabit derejesinden 10G çenli artdyrmaga mümkinçilik berýär, gijikdirme bolsa millisekunta çenli azalýar. Synaglaryň dowamynda 9834 Mbit/sek ýükleme tizligi, 1008 Mbit/sek iberiş tizligi hasaba alyndy, gijikdirme 3 msek boldy. Bu görkezijiler öý internetiniň häzirki standartlaryndan ep-esli ýokarydyr.
Täze ulgam 8K-wideo, bulut hyzmatlary, VR we AR, şeýle-de bulut oýunlary ýaly “agyr” programmalary kynçylyksyz ulanmaga mümkinçilik berýär. Beýleki bir habarda bellenilişi ýaly, Pekinde käbir ulanyjylar eýýäm 10G internet ulgamyny barlap gördi. Ol ýerde ýükleme tizligi – 9340,22 Mbit/sek, iberiş tizligi – 6311,59 Mbit/sek boldy. 90 GB göwrümli 8K filmini ýüklemek indi gigabit ulgamyndaky 12 minutyň deregine, takmynan, 72 sekunt wagt alýar.