Instagram Edits — täze wideo redaktirleme programmasy peýda boldy

Instagram Edits — täze wideo redaktirleme programmasy peýda boldy

Apr 23, 2025 - 11:39
Instagram Edits — täze wideo redaktirleme programmasy peýda boldy

Instagram* täze wideo redaktirleme we montaž programmasy — Edits atly goşundyny işe girizdi. Bu programmanyň esasy aýratynlygy, ol meşhur Hytaý goşundysy CapCut-yň ýene bir alternatiwasy bolup durýar. Häzirki wagtda Edits-i iOS we Android ulgamlary arkaly mugt göçürip almak mümkin.

Programma sosial ulgamda elýeterli bolmadyk birnäçe ösen aýratynlyklary hödürleýär:

  • statiki suratlardan emeli intellekt arkaly animasiýa döretmek,

  • ýaşyl ekrany çalşyp bilmek,

  • obýektleri suratlardan kesip aýyrmak

  • we başga-da köp sanly döredijilikli mümkinçilikler.

Edits-iň üýtgeşik aýratynlyklarynyň biri — ulanyjynyň ýerleşdiren Reels wideolary boýunça giňişleýin statistikanyň elýeterli bolmagydyr.

Geljekde Edits programmanyň mümkinçilikleri has giňeljek — täze emeli intellekt esasly redaktirleme gurallary we beýleki ulanyjylar bilen bilelikde işlemegiň mümkinçiligi goşular. Instagram-yň ýolbaşçysy Adam Mossieriniň aýtmagyna görä, bu goşundy CapCut bilen deňeşdirilende has giň döredijilik gurallaryny hödürleýän «döredijilik kombaýnyna» öwrüler.

Edits programmasyny ulanmak üçin Instagram* hasaby zerurdyr — başga usul bilen girip bolmaýar. Programma rus dilini hem goldaýar, şonuň üçin ulanmak ýeňil bolar.