Hyundai nobatdaky zawodyny gurar

Saud Arabystanynda Jemgyýetçilik Maýa goýum gaznasy (PIF) bilen «Hyundai» kompaniýasynyň Günbatar Aziýa üçin niýetlenen «Hyundai Motor Manufacturing Middle East» zawodynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.

Hyundai nobatdaky zawodyny gurar

«Hyundai» üçin Ýakyn Gündogarda ilkinji zawod 2026-njy ýylyň dördünji çärýeginde awtomobil önümçiligine başlar. Bu ýerde her ýyl 50 müň awtomobil, şol sanda ýangyç bilen işleýän hereketlendirijili ulaglar hem-de elektromobiller öndüriler.

Maglumatlara görä, bu gazna iş orunlaryny döretmek we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, hyzmatdaşlyk arkaly awtoulag pudagyny ösdürmegi dowam etdirmäge meýilleşdirýär.