Hytaýyň öňdebaryjy awtoulag brendi — BYD

BYD Auto Co, Ltd – bu kompaniýa, köp ugurly önümçilik bilen meşgullanýan we paýnamalary açyk görnüşde satuwa çykan Hytaýyň «BYD Company» atly kärhanasynyň awtomobil önümçiligi bilen meşgullanýan şahasy bolup durýar. Ol kompaniýa ýolagçy üçin niýetlenen akkumulýator bilen işleýän elektromobilleri (BEV) we plug-in görnüşli gibrid elektromobilleri (PHEV) öndürýär. Hytaýda bu görnüşdäki ulaglar «täze energiýa ulaglary» (NEV) diýlip atlandyrylýar. Şeýle-de kompaniýa elektrik awtobuslaryny we elektrik ýük ulaglaryny hem öndürýär. BYD ulaglaryny öz esasy «BYD» brendi bilen, şeýle-de ýokary derejeli brendleri bolan «Denza», «Fangchengbao» we «Yangwang» brendlerini satýar.
BYD Auto 2003-nji ýylyň ýanwarynda, batareýa öndüriji «BYD Company» kompaniýasynyň Xi'an Qinchuan Automobile kompaniýasyny satyn alyp, täzeden guramalaşdyrmagynyň netijesinde döredildi. BYD tarapyndan işlenen ilkinji benzinli ulag – BYD F3 2005-nji ýylda önümçilige girizildi. 2008-nji ýylda kompaniýa ilkinji plug-in gibrid elektromobili bolan BYD F3DM-i çykardy, onuň yzysüre 2009-njy ýylda ilkinji akkumulýator bilen işleýän ulag – BYD e6 öndürilip başlandy.
2020-nji ýyldan bäri BYD Auto kompaniýasynyň satuwlary güýçli depginde artýar, sebäbi Hytaýda täze energiýa ulaglarynyň bazar paýy barha ýokarlanýar. 2021-nji ýyldan başlap kompaniýa daşary ýurt bazarlaryna hem çykyp başlady – esasanam Ýewropa, Günorta-Gündogar Aziýa, Okeaniýa we Amerika ýaly ýurtlarda meşhurlyga eýedir. 2022-nji ýylda kompaniýa benzinli işleýän ulaglaryň önümçiligini bes etdi we täze energiýa ulaglaryna doly geçdi.
BYD toparynyň güýçli taraplarynyň biri – onuň giň möçberli doly integrasiýalanmagy bolup durýar. Kompaniýa akkumlýator, elektrik hereketlendiriji we elektron dolandyryş ulgamlary ýaly esasy komponentleri öz içinde, ýagny BYD toparynyň çäklerinde öndürýär.
2023-nji ýyldan bäri BYD Hytaýda iň köp satylýan awtoulag brendi boldy. Bu görkeziji bilen BYD, Hytaýyň awtoulag senagatynyň liberalizasiýasyndan bäri öňdebaryjy orny eýeläp gelen Volkswagen kompaniýasyndan öňe geçdi. BYD häzirki wagtda dünýäde bazar gymmaty boýunça üçünji iň gymmat awtoulag öndüriji kompaniýadyr.
2024-nji ýylyň analitiki maglumatlaryna görä, BYD-nyň batareýa öndüriji şereketi bolan FinDreams Battery, dünýäde elektrik ulaglary üçin batareýa öndürýän kompaniýalaryň arasynda ikinji orunda durýar – birinji orunda CATL ýerleşýär. FinDreams, esasan, litiý-demir-fosfat (LFP) batareýalaryna, şol sanda BYD-nyň özi işläp düzen Blade batareýasyna ýöriteleşendir.