Silverado EV 2025 awtoulagy

Iri awtoulag öndüriji «Chevrolet» kompaniýasy täzelenen «Silverado EV 2025» elektrikli awtoulagyny görkezdi.

Silverado EV 2025 awtoulagy

Ulag birnäçe görnüşde elýeterli bolar. Esasy görnüşler hökmünde «WT» we «RST Max Range» ulaglary müşderilere hödürlener. «RST» görnüşi üçin aýratynlykda üýtgeşik, ýylpyldysyz mawy-gök reňk bilen üpjün edildi.

Şeýle hem panoramaly aýna petik we 22 dýuýmlyk gara tekerler hödürlenýär. Goşmaça bukjalar ulagyň işleýşini güýçlendirýär. Olaryň arasynda güýçlendirilýän gorag örtükleri we ýük bölümi üçin dürli organizerler bar.