Ilkinji gezek: Starship uçuşy 4K görnüşinde doly ajaýyplygy bilen görkeziler

Maý 12, 2025 - 15:50
Ilkinji gezek: Starship uçuşy 4K görnüşinde doly ajaýyplygy bilen görkeziler
Space X

SpaceX kompaniýasy özüniň birnäçe gezek ulanylýan raketa ulgamynyň nobatdaky synag uçuşyna taýýarlyk görýär. Maý aýynyň soňky ongünlüginde geçirilmegi meýilleşdirilen bu uçuş, synaglaryň arasynda onunjysy bolup, ilkinji gezek ýokary anyklykdaky 4K görnüşinde göni ýaýlymda tomaşaçylara ýetiriler. Bu barada SpaceX-iň baş direktory Ilon Mask yglan etdi.Bu gezekki synagda Ship 36 we Super Heavy 15 prototipleri ulanylar. Mundan ozalky dokuz uçuş inženerlere esasy tehnologiýalary, şol sanda Mechazilla ulgamynyň kömegi bilen Super Heavy raketasynyň üstünlikli gondurylmagyny kämilleşdirmäge mümkinçilik berdi. Öňki synaglarda Starship iki gezek tehniki kynçylyklar (wibrasiýalar we ýangyç syzmalary) bilen ýüzbe-ýüz boldy, ýöne şu gezekki 4K göni ýaýlym diňe bir tehniki üstünlikleri görkezmek bilen çäklenmän, eýsem tomaşaçylara misli görlüp-eşidilmedik jikme-jik we ajaýyp görnüşli tanyşlyk wada edýär.2025-nji ýylyň maý aýynda X platformasyna 4K wideo mümkinçiliginiň ornaşdyrylmagy, YouTube we TikTok ýaly platformalar bilen bäsdeşligi güýçlendirmek we wideo mazmunynyň hilini ýokarlandyrmak strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu älem synaglarynyň ýokary hilli göni ýaýlymlaryny üpjün etmekde täze döwür açar.