Huawei HarmonyOS operasion ulgamynyň ekoulgamyny giňeldýär

Maý 12, 2025 - 15:35
Huawei HarmonyOS operasion ulgamynyň ekoulgamyny giňeldýär

Hytaýyň tehnologiýa kompaniýasy bolan Huawei geçen penşenbe güni özüniň HarmonyOS operasion ulgamynda işleýän ilkinji şahsy kompýuterleriniň (ŞK) hataryny 19-njy maýda tanyşdyrjakdygyny mälim etdi. Bu ädim HarmonyOS ulgamynyň ekoulgamynyň ep-esli giňelmeginiň möhüm nyşany bolup durýar. Häzirki wagtda bu ulgam smartfonlar we planşetler ýaly enjamlary birleşdirip, olaryň sazlaşykly işini üpjün edýär. Hytaýyň içerki bazaryna niýetlenen ilkinji operasion ulgamy bilen enjamlaşdyrylan şahsy kompýuterleri bazara çykarmak arkaly Huawei, uzak wagtlap şahsy kompýuter bazarynda üstünlik gazanan Microsoft Windows we Apple macOS ulgamlaryna çynlakaý bäsdeşlik etmegi maksat edinýär diýip, “Sinhua” habar berýär.

HarmonyOS ulgamynda işleýän Huawei kompýuterleri 1 000-den gowrak daşarky enjam bilen utgaşykly işlemek ukybyna eýe. Şu wagt bu kompýuterler üçin ýöriteleşdirilen 150-den gowrak programma bar, şeýle hem ekosistemanyň çäginde 300-den gowrak goşundy bilen sazlaşykly hereket edýär. Huawei-niň belleýşi ýaly, bu täze kompýuterler markanyň enjamlarynyň arasynda bökdençsiz aragatnaşyk mümkinçiligini üpjün edýär: ulanyjylar öz telefonlarynyň, planşetleriniň ýa-da kompýuterleriniň ekranlaryny bir klawiatura we syçan arkaly dolandyryp, enjamlaryň arasynda aňsatlyk bilen geçip bilerler. Mundan başga, HarmonyOS özüne berk howpsuzlyk serişdelerini hem jemleýär: şifrleme üçin ýörite howpsuzlyk çipi, ygtybarly elýeterlilik we maglumatlaryň şifrlenen alyş-çalyşygy ýaly mehanizmler bu ulgama girizilendir.2019-njy ýylyň awgustynda ilkinji gezek işe girizilen HarmonyOS (hytaýça — Hongmeng) dürli enjamlar we ulanyş ýagdaýlary üçin niýetlenen açyk çeşmeli operasion ulgamdyr. Bu ulgam akylly ekranlar, planşetler, geýilýän enjamlar we awtoulaglar ýaly enjamlary öz içine alýar. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, Huawei häzirki wagtda öz ulanyjylarynyň sanyny artdyrmak üçin has köp tagalla etmeli bolar, sebäbi Windows we macOS ulgamlary has kämilleşdirilen we baý goşundy ekosistemasy bilen tapawutlanýar. Şeýle-de bolsa, Huawei-niň innowasion ýörelgeleri we özboluşly tehnologiýalary bu bäsdeşlikde üstünlik gazanmaga ýardam edip biler.