Iňlis şowhuny: Mançester Ýunaýted we Tottenhem Ýewropa Ligasynyň kubogyny almak üçin duşuşar

Ýewropada abraýlygy boýunça ikinji ýerde hasaplanýan Ýewropa ligasynyň finalyna çykmak ugrunda Norwegiýanyň Bude Glimt topary Angliýanyň Tottenhem Hotspur toparyny kabul etdi. Ýarym finalyň birinji duşuşygy 3:1 hasaby bilen Tottenhem toparynyň ýeňişi bilen tamamlandy. Jogap oýnunda iki topar hem özüniň nusgawy 4-3-3 taktikasyny saýlap aldylar. Oýnuň 63-nji minudynda londonlylar hasaby açdylar. Oýunda 27 ýaşly argentinaly Kristian Romeronyň ýardam pasyndan Dominik Solanke hasaby açdy. 6 minut çemesi wagtdan soň myhmanlar hasaby artdy. Ispaniýaly 25 ýaşly Pedro Porro Deýan Kuluşewskiýniň ýardam pasyndan peýdalanyp hasaby artdyryp, myhmanlar 0:2 bilen öňe geçdiler (umumy hasap 1:5). Şeýlelikde, ýaryşyň final oýny iki sany Angliýanyň toparynyň arasynda bolar. Mançester Ýunaýted öz meýdançasynda Ispaniýanyň Atletika Bilbao toparyndan 4:1 hasaby ýeñiş gazandy. UEFA Ýewropa Ligasynyň 2024/2025 finaly 2025-nji ýylyň 21-nji maýynda Ispaniýanyň Bilbao şäherindäki San-Mames stadionynda geçiriler.