iPhone 17 Air — Apple-yň iň inçe smartfony. Onuň aýratynlygy nämede?
Apple ýene bir täzeçil ädimi ädýär: ýeňil, inçe we güýçli iPhone 17 Air bazary üýtgedip biler. Bu täze smartfon hakda entek aýdylmadyk ähli maglumatlar şu ýerde!

Diňe 5,5 mm — taryhda iň inçe iPhone!
Täze iPhone 17 Air diňe 5,5 millimetr inçe bolup, Apple-yň iň inçe smartfony bolar. Ýöne onuň diňe dizaýny däl, eýsem titandan we alyuminden ýasalan berkligi hem ünsi çekýär.
ProMotion displeý we hemişe açyk ekran (Always-On)
Täze iPhone-da:
6,6 dýum OLED ekran,
120 Gs täzelik derejesi,
we Always-On Display ýaly döwrebap aýratynlyklar bolar.
Bu displeý bilen saýt açmak, wideolara tomaşa etmek ýa-da oýun oýnamak örän rahat bolar.
A19 çip — tizligi we kuwwaty bilen tapawutlanýar.
Täze A19 prosessor bilen iPhone 17 Air:
tiz işleýär,
energiýany tygşytlaýar,
we birnäçe programmalary bir wagtda açmaga mümkinçilik berýär.
Kamerasy ýönekeý, emma ýokary hilli
Apple bu gezek birnäçe kamera däl-de, bir sany güýçli 48 MP kamera bilen çykýar. Şeýle-de:
ProRAW formaty,
Gijeki düşürme (night mode) we 24 MP öň kamera bardyr.
USB-C, eSIM we MagSafe — täze döwrüň tehnologiýasy
Täze aýratynlyklar:
USB-C porty,
Diňe eSIM goldawy bolup, adaty SIM kartoçka ýok!
Güýçlendirilen MagSafe simsiz zarýad,
Täze Camera Control düwmesi bilen surata düşürmek has aňsat.
Bahasy we çykjak güni
Baha: $899,
Çykjak güni: 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda,
Söwda başlajak güni: 19-njy sentýabr töweregi.
Näme üçin iPhone 17 Air saýlamaly?
Eger siz ýeňil, inçe, kuwwatly we dizaýn taýdan ajaýyp smartfon gözleýän bolsaňyz — iPhone 17 Air size laýykdyr. Bu model gerekmeýän aýratynlyklar bilen däl-de, rahatlyk bilen tehnologiýanyň utgaşmasy bilen tapawutlanýar.