Iýmitlendiriji enjamlary elektrik togunda galdyrsak näme bolar?

Hakyky (ýagny, belli markaly) iýmitlendiriji enjam elektrik togundan aýrylmasada, köplenç öz-özünden elektrik toguny awtomatiki ýagdaýda öçürýär. Olar kän gyzmaýar we gaty az tok sarp edýärler. Käbirleri hatda iýmitlendirijiniň simini hem elektrik togyndan kesip bilýär. Emma iýmitlendiriji enjamlary elektrik togundan aýyryp goýmak has gowy bolýar:
-
Eger arzan, näbelli markaly iýmitlendirijileri ulanýan bolsaňyz — olar köplenç gyzmakdan ýa-da gysga elektrik kesilmelerinden goralmadyk bolýar. Bu bolsa ýangynyň döremegine sebäp bolup biler.
-
Eger öýde kiçi çagalar ýa-da haýwanlar bar bolsa — olar iýmitlendirijiniň simini çekip ýa-da dişläp bilerler. Bu bolsa tok urmagyna ýa-da ýangyn döremegine sebäp bolup biler.
-
Eger öýüňizde elektrik togunyň basyşy ýygy-ýygydan üýtgäp durýan bolsa — esasan hem oba ýerlerinde bu ýagdaýlar köp bolýar. Elektrik togunyň ýokarlanmagy bilen iýmitlendiriji enjam ýanyp, hatda elektrik toguny paýlaýjyny hem zaýalamagy mümkin.
Bir söz bilen aýdylanda iýmitlendiriji enjamy elektrik togundan aýyryp goýsak howpsuz bolýar. Şeýle edilse öz rahatlygymyz üçin peýdalydyr. Iýmitlendiriji enjam elektrik togundan aýrylman galan ýagdaýynda az mukdarda bolsa hem elektrik toguny sarp edip durýar. Şeýle enjamlaryň sanynyň artmagy umumy elektrik togunyň sarp ediliş möçberini köpeltýär. Geliň iýmitlendiriji enjamlary elektrik togundan aýyryp oýümiziň rahatlygyny üpjün edeliň we elektrik toguny tygşytlalyň.