Täze we howpsuz plastik

Maý 6, 2025 - 17:44
Täze we howpsuz plastik

Ýaponiýaly alymlar öz-özünden eremek häsiýetine eýe bolan täze plastigi oýlap tapdylar. Bu plastikler deňiz we umman suwlarynda 8,5 sagadyň dowamynda biologik taýdan öz-özünden ýok bolup gidýärler. Şeýle-de olardan mikro bölekler galmaýar. Alymlar bu plastigiň doly eremeginiň daşky gurşawa hiç hili zyýan ýetirmeýändigini hem subut etdiler. Şol bir wagtyň özünde täze önümiň berkligi-de, durulygy-da edil öňküler ýalydyr. Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, täze tehnologiýanyň önümçilige ornaşdyrylmagy ummanlaryň plastikler bilen hapalanmagynyň öňüni almakda, ekologiýany goramakda uly ähmiýete eýedir.