Watansöýüjiligiň we edermenligiň nusgasy

Bütin dünýäde ýurdumyzyň başlangyjy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň degişli Kararnamasy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylymyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenilýär. Munuň özi Watana çyn ýürekden hyzmat etmegiň göreldesini görkezen gahrymanlarymyza goýulýan çuňňur hormatyň, şeýle hem türkmen halkynyň parahatçylyga, ynsanperwerlige we döredijilige üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň nyşanydyr.
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş dünýäniň parahatçylyk söýüji halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň gije-gündiz arman- ýadaman çeken zähmetiniň netijesidir. Çünki ýeňşe bolan beýik ynam müňlerçe türkmenistanlyny beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen jebisleşdirdi. Türkmen esgerleri söweş meýdanlarynda edermenligi, batyrlygy, gaýduwsyzlygy hemra edinip, öz janlaryny gaýgyrman söweşdiler. Şolaryň hatarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň atasy hem-de hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň bolandygyny ýatlamak gerek. Onuň durmuş ýoly täze taryhy eýýamda ýaşlar üçin watansöýüjiligiň, harby we raýatlyk borja wepalylygyň beýik nusgasyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň guralýan pursatlarynda 2-nji ukrain frontunyň 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk pol-kunyň söweşjeň baýdagy Russiýadan Türkmenistana getirildi. Şol baýdagyň astynda edermen we gaýduwsyz esger Berdimuhamet Annaýew söweşipdir. Şunuň bilen baglylykda, Watan ug-rundaky söweşde görkezen şahsy edermenligi, batyrlygy, gaýduwsyzlygy, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda harby borjuny birkemsiz ýerine ýetirendigi üçin Berdimuhamet Annaýewe Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — «Edermenligi üçin» medaly berildi. Ýeri gelende bellesek, türkmen halkynyň milli gymmatlygy we buýsanjy bolan ahalteke bedewleri köp asyrlaryň dowamynda gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň wepaly dostlaryna, ýakyn hemralaryna öwrülip, Ikinji jahan urşy ýyllarynda 97-nji we 98-nji türkmen atly diwiziýalary döredildi. Olaryň esgerleri iň bir gazaply söweşlere gatnaşyp, gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezdiler. Watandaşlarymyzyň müňlerçesiniň orden-medallar bilen sylaglanandygyny hem buýsançly ýatlamak gerek. Türkmenistanly esgerleriň ýüzden gowragy bolsa «Gahryman» diýen belent derejä mynasyp boldular. 80 ýylyň geçendigine garamazdan, şol ýyllaryň gahrymançylykly taryhy, watandaşlarymyza bolan buýsançly ýatlamalar ýüreklerimizde hemişelik orun aldy. Watanymyzyň azatlygyny we garaşsyzlygyny goramak ugrunda edermenlik görkezen pederlerimiziň şöhraty baradaky ýatlamalar taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Olaryň atlary watandaşlarymyzyň Beýik Watançylyk urşunda görkezen eder-menligi baradaky maglumatlary özünde jemleýän «Hatyra» hem-de «Şöhrat» atly neşirlerde ebedileşdirildi. Mähriban topragyň edermen goragçylary bolan gahrymanlary sarpalamak türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän gadymy däpleriniň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň weteranlary döwlet tarapyndan aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Uruş weteranlaryny we şol ýyllarda yhlasly zähmet çekenleri mynasyp durmuş derejesi bilen üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Weteranlar, tylda zähmet çekenler we urşuň yzynda galan zenanlar üçin durmuş ýeňillikleri döredilýär we olar üçin ähli zerur şertler üpjün edilýär. Her ýylda Beýik Ýeňşiň hormatyna uruş weteranlaryna, urşuň yzynda galanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sylaglary we sowgatlar gowşurylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Biz dünýä döwletleri bilen dost- doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek ugrunda çykyş edip, ählumumy meseleleriň oňyn çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýarys» diýip belleýär. Şunuň bilen baglylyk- da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýokary halkara abraýyny üpjün edýär. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi müňýyllyklardan gözbaş alýan parahatçylyk, dostluk hem-de ynanyşmak ýörelgelerimiziň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Merdana pederlerimiziň deňsiz- taýsyz edermenligine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il- ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!