Meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedow hakynda

Sungata siňen ömür

Apr 23, 2025 - 11:25
Meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedow hakynda

Nury Halmämmedow 1938-nji ýylyň 20-nji iýunynda köp perzentli maşgalada, häzirki Bäherden etrabynyň Mürçe obasynda dünýä inýär. Çagalykdan ejesinden jyda düşen Nury, Baýramaly şäherindäki çagalar öýüne ýerleşdirilýär we şol ýerde saz älemindäki ilkinji ädimlerini atýar. Ol Baýramaly şäherindäki Çagalar öýünde saz bilen baglanyşykly başlangyç bilimini alýar we birnäçe sazyny döredýär. Çagalykdan saza bolan höwesini kanagatlandyrmak we şol ugurdan bilim almak maksady bilen, Aşgabat Sazçylyk uçilişesine okuwa girýär we 1958-nji ýylda tamamlaýar.

Aýratyn zehinliligini subut edip, P. I. Çaýkowskiý adyndaky Moskwa Döwlet konserwatoriýasyna okuwa ugradylýar. Döredijilik hyjuwy bilen talyplyk ýyllarynda 30-a golaý saz eseri döredip, okuw döwründe professor-mugallymlar tarapyndan ýokary baha mynasyp bolýar. 1963-nji ýylda bu okuw jaýyny üstünlikli tamamlap, onuň diplom işi hökmünde "Türkmenistan" atly simfoniki eseri ilkinji gezek 1963-nji ýylyň maýynda Bütinsoýuz Telewideniýe we radiosynyň Uly Simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanýar.

Talyplyk ýyllarynda döredilen ençeme saz eserlerinden iň meşhurlaryndan biri, "Dutaryň owazlary" atly fortepiano pýesasy bolup, bu eser türkmen sazynyň aýratynlygyny we dutar sungatynyň ajaýyplygyny görkezýär. 1962-nji ýylda Moskwada geçirilen Ýaş kompozitorlaryň Bütinsoýuz konkursynda bu eser ýokary baha mynasyp bolýar we Nury Halmämmedowa ýörite diplom gowşurylýar.

1963-1973-nji ýyllar Nury Halmämmedowyň döredijiliginde kämillik ýyllary bolup, ol simfoniki pikirlenmäniň täze derejesine ýetýär. Mundan başga-da, onuň wokal sazlaryna-da aýratyn orun berilýär. Nury Halmämmedow, XIX-XX asyrlarda ýaşap geçen turkman şahyrlarynyň goşgularyndan ruhlanyp, birnäçe saz eseri döredýär.

Kompozitoryň ajaýyp döredijilik terjimehalyndaky möhüm bir sahypa, onuň kinofilmlere bagyşlap döreden sazlarydyr. Şeýle hem, ol "Şükür bagşy" filmi üçin saz döretmek üçin çagyrylypdyr we onuň döreden sazy filmde üstünlik gazanmakda möhüm orun tutýar. Türkmen kinosynyň soňraky üstünlikli gadamlary Nury Halmämmedow bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ol "Aýgytly ädim", "Mukamyň syry", "Magtymguly", "Keçpelek", "Japbaklar" ýaly kino eserlerinde sazlary bilen tomaşaçylarda aýratyn duýgular döredipdir.

1973-1983-nji ýyllar Nury Halmämmedowyň döredijiliginiň köptaraplaýyn öwüşginliligi bilen tapawutlanýar. 1979-njy ýylda türkmen saz sungatynyň ösmegi üçin eden hyzmatlary üçin "Sungatda at gazanan işgär" diýen derejä mynasyp bolýar. Nury Halmämmedow 1983-nji ýylyň 4-nji awgustynda aradan çykýar. Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyz 2010-njy ýylda Aşgabat şäherinde "Ylham" seýilgähini açyp, Nury Halmämmedowyň heýkelini goýmak bilen, bu meşhur şahsyýete goýlan hormaty açyk görkezýär. Nury Halmämmedow türkmen halkynyň we milli sazynyň taryhynda örän möhüm orun eýeleýär.