“Oskar” emeli aňyň kinoda ulanylmagyna rugsat berdi, ýöne adamyň goşandyna aýratyn üns berler

Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy, ilkinji gezek emeli aňy (EA) “Oskar” baýragyna film saýlamagyň düzgünlerinde agzap geçdi. Täze düzgünlere görä, emeli aňyň ulanylmagy nominasiýa üçin böwet bolmaz, ýöne eminler adamyň filmi döretmäge goşan goşandynyň ähmiýetliligini bahalandyrar.
Akademiýanyň resmi beýanynda şeýle diýilýär: “Generatiw emeli aň we beýleki sanly gurallar dalaşgär bolmak ähtimallygyny ýokarlandyrmaýar we peseltmeýär. Bu ýerde adamyň döredijilik işine nähili goşant goşandygy esasy ähmiýete eýedir.”
Ilkibaşda Akademiýa, emeli aňyň ulanylyşy barada jikme-jik maglumat berilmegini isleýärdi, ýöne ahyrynda talaplary gowşatmak kararyna geldi. Bu çözgüt, geçen ýyl kinoda tehnologiýalaryň gözegçiliksiz ulanylmagyna garşy çykyş eden ssenariýaçylariň we aktýorlaryň nägileliklerine jogap boldy.
Mundan başga-da, Akademiýa täze düzgünleri girizdi: emin agzalary, kategoriýadaky ähli filmlere tomaşa edenlerinden soň finalda ses berip bilerler. Ýöne, The New York Times-a görä, gatnaşyjylaryň diňe tomaşa edendigini subutnamasyz tassyklamagy ýeterlikdir.
Bilermenleriň pikiriçe, bu üýtgeşmeler Akademiýanyň kino pudagynda tehnologiýalaryň ösüşine uýgunlaşmak synanyşygyny görkezýär. Şeýle-de bolsa, filmleri döretmekde esasy rol adama galmaly.