“TÜRKMENISTAN” awiakompaniýasy arzanladyş yglan edýär!

HORMATLY ÝOLAGÇYLAR! “TÜRKMENISTAN”AWIAKOMPANIÝASY”AÇYK GÖRNÜŞLI PAÝDARLAR JEMGYÝETI SYÝAHAT ETMEGI MEÝILLEŞDIRÝÄN ÝOLAGÇYLAR ÜÇIN AÝRATYN ARZANLADYŞ YGLAN EDÝÄR!

Apr 21, 2025 - 16:34
“TÜRKMENISTAN” awiakompaniýasy arzanladyş yglan edýär!

“Türkmenistan”awiakompaniýasy”açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti syýahat etmegi meýilleşdirýän ýolagçylar üçin aýratyn arzanladyş yglan edýär!
Türkmenistanyň raýatlary aşakdaky ugurlar boýunça uçuşlary meýilleşdirinde:
     Aşgabat - Kuala-Lumpur - Aşgabat
     Aşgabat - Hoşimin- Aşgabat
     Aşgabat - Bangkok - Aşgabat
     Aşgabat - London - Aşgabat
     Aşgabat - Frankfurt - Aşgabat
     Aşgabat - Milan - Aşgabat
Ýörite teklipden peýdalanyp, çagalary üçin arzanladylan awiabileti alyp bilerler.
Arzanladyş 2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan 30-njy iýun aralygynda hereket eder.
Türkmenistanda awiabiletleri satýan kassalarda has giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.
Çagalaryňyz üçin ajaýyp täsirler we özüňiz üçin amatly uçuş mümkinçiligini elden gidirmäň!