Türkmenistanly talyplar Sankt-Peterburgdaky Halkara matematika olimpiadasynda 16 medal gazandylar

2025-nji ýylyň 20–22-nji aprelinde Sankt-Peterburgda geçirilen Demirgazyk ýurtlarynyň uniwersitetleriniň XI Halkara matematika olimpiadasynda (NCUMC-2025) türkmenistanly talyplar üstünlikli çykyş etdiler. Bu halkara bäsleşik Sankt-Peterburgyň ITMO Uniwersiteti tarapyndan gurnaldy we oňa Russiýa, Türkmenistan, Belarusiýa, Özbegistan, Gazagystan, Senegal hem-de Wýetnam ýaly ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinden 350-den gowrak talyp gatnaşdy.
Olimpiadanyň şahsy hasabynda türkmenistanly talyplar jemi 16 medal gazandylar, olaryň 7-si altyn, 9-sy bolsa kümüş medaldyr. Bu netijeler ýurdumyzyň ýaşlarynyň matematika boýunça taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezýär.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň üç talyby – Şabibi Nurjanowa, Hajymuhammet Ataýew we Orazguly Gylyjow – altyn medallara mynasyp boldular. Şeýle hem bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary toparlaýyn bäsleşikde birinji orny eýelediler.
Altyn medala mynasyp bolan beýleki talyplar: Selbi Ruslanowa (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti), Gülöwser Gylyçmämmedowa (Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti), Muhammet Annaýew we Mergen Meredow (Türkmenistanyň Energetika instituty).
Kümüş medal eýelän talyplaryň hatarynda Rahmet Penjiew, Kerim Toýlyýew (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti), Dowletgeldi Şakirjanow (Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti), Yslam Haýytmuhammedow (Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Nebit-gaz uniwersiteti), Begenç Saparow (Türkmenistanyň Ykdysadyýet we dolandyryş instituty), Gurtgeldi Hanow, Myrat Janmuradow (Seýitnazar Seýdi adyndaky Mugallymçylyk instituty), Batyr Owezmuraadow (Türkmenistanyň Arhitektura-gurluşyk instituty) we Baýram Turaýew (Türkmenistanyň Energetika instituty) bar.
Toparlaýyn bäsleşikleriň netijesinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti birinji orny, Türkmenistanyň Energetika instituty ikinji orny, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bolsa üçünji orny eýeledi.
Bu üstünlikler ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara derejede bäsleşmäge ukyplydygyny we ýokary okuw mekdeplerimizde berilýän matematika biliminiň ýokary derejesini görkezýär. Şeýle halkara bäsleşiklerde gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň bilim ulgamynyň halkara giňişligindäki ornunyň pugtalandyrylmagyna uly goşant bolýar.