Özbegistanda ýokary bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň sany 1,5 müňe golaýlady

Özbegistanyň Milli statistika komitetiniň beren maglumatyna görä, häzirki wagtda bu ýurtda 1,5 müňe golaý Türkmenistanly talyp ýokary bilim alýar.
Resmi hasabata görä, 2024–2025-nji okuw ýylynyň ýagdaýyna görä, Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň sany 1430-a deň bolup, Türkmenistan bu görkeziji boýunça ikinji orny eýeleýär. Şeýlelikde, Özbegistanda okaýan daşary ýurtly talyplaryň umumy sanynyň 11,4 göterimi Türkmenistanyň raýatlaryna degişli.
Sanawyň birinji ornunda bolsa 6502 talyp bilen Hindistan barýar. Şeýle-de, ilkinji bäşligiň hatarynda Pakistan (1250 talyp), Russiýa Federasiýasy (732 talyp) we Gazagystan (639 talyp) ýaly ýurtlar bar.
Umuman, häzirki wagtda Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan daşary ýurtly talyplaryň sany 12,5 müň töwerege barabar boldy.