Ronaldo derbide iki gol geçirip, "Al Nassr"a ýeňiş getirdi

Saud Arabystanynyň futbol çempionatynda paýtagt derbisi uly gyzyklanma bilen geçirildi. “Al Nassr” topary “Al Hilal” bilen bolan möhüm duşuşykda myhmançylykda 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Çekeleşikli geçen oýunda “Al Nassr” toparynyň ýyldyz futbolçysy Kristiano Ronaldo ýene-de tapawutlandy. Ol 47-nji minutda hem-de 88-nji minutda penaltiden öz adyna gol ýazdyryp, toparynyň ýeňişine uly goşant goşdy. Duşuşygyň ilkinji goluny bolsa 45+4-nji minutda Ali Al-Hassan geçirdi.
"Al Hilal" topary 62-nji minutda Ali Al-Bulaýhi tarapyndan garşydaşyň derwezesine gol geçirmegi başardy. Netijede, bu ýeňiş bilen “Al Nassr” utuk sanyny artdyrdy we çempionatyň tamamlanmagyna 8 tapgyr galanda 2-nji orundaky “Al Hilal” bilen aradaky tapawudy 3 utuga çenli azaltdy.
Kristiano Ronaldo üçin bu duşuşyk aýratyn tapawutly boldy. Ol çempionatdaky 21-nji goluny geçirip, bombardirleriň arasynda öňdeligini saklaýar. Şeýle-de, bu onuň karýerasynda 15-nji gezek bir möwsümde 20-den gowrak gol geçiren möwsümi boldy. Häzirki wagtda ýyldyz 931 gol bilen çykyş edýär we onuň 1000-nji goluna diňe 69 gol galdy.
Ronaldo futbol taryhynda yz galdyrmagyny dowam etdirýär.