PSŽ ýarym finalyň birinji duşuşygynda Arsenaly ýeňmegi başardy

Londondaky “Emirates” stadionynda 2024/2025 möwsüminiň UEFA Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Oýunda “Arsenal” bilen “PSŽ” duşuşdy we myhman topar – Fransiýanyň wekili – duşuşygy 1:0 hasabynda ýeňiş bilen tamamlady.
Duşuşyk başlanyndan kän wagt geçmänkä, eýýäm 4-nji minutda “PSŽ-niň” hüjümçisi Usman Dembele hasaby açdy. “Arsenal” deňleşdirmek üçin birnäçe mümkinçilik döretdi, emma olary peýdalanyp bilmedi. Oýnuň ikinji ýarymy başlanda, ýagny 47-nji minutda “Arsenalyň” ýarymgoragçysy Mikel Merino garşy tarapyň derwezesine gol geçirdi, ýöne bu gol VAR arkaly seredilenden soň ýatyryldy.
Çärýek finalda “Arsenal” Madridiň “Realyny” iki oýnuň jemi boýunça 5:1 hasabynda ýeňipdi. “PSŽ” bolsa şol tapgyrda “Aston Villa” bilen geçiren duşuşyklarynyň jemi boýunça 5:4 ýeňiş gazanypdy.
Ýarym finalyň jogap oýny 8-nji maýa geçilýän gije Parižiň “Park de Prens” stadionynda geçiriler.