Messili “Inter Maýami” “Wankuwer” toparyndan ýeňildi we KONKAKAF Çempionlar Kubogynyñ final oýnuna çykyp bilmedi

Maý 2, 2025 - 13:20
Messili “Inter Maýami” “Wankuwer” toparyndan ýeňildi we KONKAKAF Çempionlar Kubogynyñ final oýnuna çykyp bilmedi

KONKAKAF Çempionlar Kubogynyň ilkinji ýarym final oýny tamamlandy. Onda “Inter Maýami” öz meýdançasynda “Wankuwer Uaýtkaps” toparyny kabul etdi. Duşuşyk Fort-Loderdeýlde, “Di-Er-Wi Pi-En-Ka Stadionda” geçirildi. Oýun 3:1 hasaby bilen myhmanlaryň üstünligi bilen tamamlandy. Ýeňijileriň hatarynda hüjümçi Braýan Uaýt, şeýle hem ýarymgoragçylar Pedro Wite we Sebastian Berhalter gol bilen tapawutlandylar. Şeýle-de, häzirki wagtda “Inter Maýami” toparynda çykyş edýän, öň “Barselona” toparynda oýnan Luiz Suares, Lionel Messi, Žordi Alba we Serhio Buskets duşuşygyň tutuş dowamynda meýdançada boldular. Alba, Suaresiň ýardamy bilen ýer eýeleriniñ ýeke-täk goluny derwezä geçirdi. Ilkinji oýun “Inter Maýami” toparynyň 0:2 hasaby bilen ýeňlişi bilen tamamlandy. Şeýlelik bilen, “çaplar” iki oýnuň jeminde (1:5) ýeňildi we Amerikanyň abraýly ýaryşynyň finalyna çykyp bilmedi. Ýaryşyň final oýnunda Kanada topary Meksikanyň “Krus Asul” we “UANL Pumas” toparlarynyň arasyndaky ýaryşyň ýeňijisi bilen ýüzbe-ýüz geler. Bu toparlaryň arasyndaky ilkinji oýun 1:1 hasaby bilen tamamlandy.