Saglyga we ekologiýa zyýan ýetirmezden bir hepde-de näçeräk et iýip bolýar?

Apr 24, 2025 - 17:35
Saglyga we ekologiýa zyýan ýetirmezden bir hepde-de näçeräk et iýip bolýar?

Saglygyňy gorap saklamak bilen bir hatarda daşky gurşawa düşýän agramy hem azaltmak üçin etden bütinleý ýüz öwürmegiň zerurlygy ýokdyr. Daniýanyň Tehniki Uniwersitetiniň alymlary iň amatly norma hökmünde hepde-de 255 gram towuk ýa-da doňuz etini iýmegi maslahat berýärler. Şeýle mukdar bedene peýdalylygy saklap, planeta ýetirýän zyýany iň pes derejede saklamaga mümkinçilik berýär.

255 gramlyk towuk eti — bu takmynan iki sany towuk döşidir. Ýöne Ýewropa bilen ABŞ-nyň ýaşaýjylarynyň köpüsi üçin şeýle iýmitlenme düýpli üýtgeşmeleri talap eder. 2021-nji ýyldaky maglumatlara görä, olar etden 6–10 esse köpräk iýýärdiler. Alymlaryň anyklamagyna görä, sygyr we goýun eti durnukly iýmitlenme ülňülerine düýbünden laýyk gelmeýär — sebäbi olar ýokary derejede parnik gazlaryny çykaryp, ekoulgamlara uly zyýan ýetirýärler.

Alymlar giňişleýin barlag geçirip, iki çemeleşmäni utgaşdyrmaga synanyşdylar: olar sagdyn iýmitlenmegiň 32 sany esasy kriteriýasyny we serişdeleri durnukly ulanmak bilen bagly ekologiýa çäklendirmelerini nazara aldylar. Bu maglumatlaryň esasynda dürli önümleriň howpsuz hepdelik sarp ediliş mukdaryny kesgitleýän model döredildi.

Şeýle-de bolsa, awtorlar bu modeliň esasan ýokary girdejili ýurtlar üçin niýetlenendigini we dürli medeni hem-de jemgyýetçilik iýmitlenme faktorlaryny doly öz içine almaýandygyny belleýärler. Mundan başga-da, önümleriň daşky gurşawa ýetirýän täsiri wagt bilen üýtgäp biler — bu tehnologiýalaryň we önümçilik usullarynyň ösüşine baglydyr.

Maslahatlaryň has giňden ornaşdyrylmagy üçin önümleriň elýeterliligi, ýaşaýyş derejesi we iýmitleniş däp-dessurlary göz öňünde tutulmalydyr. Ýöne eýýäm şu wagt bu barlag anyk ugur görkezýär: et iýip hem sagdyn bolup bilersiňiz — esasy zat, möçberden geçmezlikdir.