Saparaý Jomartowa – Türkmenistanyň at gazanan halyçysy

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen Permana laýyklykda, milli sungatymyzy ösdürmäge uly goşant goşan zehinli halyçylaryň birnäçesine «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy. Bu üstünlikli halyçylaryň arasynda Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary Saparaý Jomartowa, Mähri Annamyradowa we Çemen Rozyýewa hem bar.

Maý 29, 2025 - 16:27
Saparaý Jomartowa – Türkmenistanyň at gazanan halyçysy

Bu hoş habar ýürekleri şatlyk bilen doldurdy. Hormatly Prezidentimiziň halyçylary hormatly at bilen sylaglamak baradaky Permany ýurdumyzyň çar künjegine dessine ýaýrady. Biz hem bu şatlygy paýlaşmak maksady bilen, «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen ada mynasyp bolan Saparaý Jomartowa bilen söhbetdeş bolduk.

— Maşgalamyzda halyçylyk bir däpdir — diýip, Saparaý gürrüň berýär. — Ejem, iki gyz doganym – Agabeg bilen Maýa, gelnejelerim Gyzylgül we Ogulşat hem halyçy. Men hem ýaş wagtymda olaryň ýanynda bolup, haly dokamaga kömekleşerdim. Aýratynam, «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanan gelnejem Gyzylgül Jomartowa maňa haly dokamagyň inçe syrlaryny yhlas bilen öwretdi. Şonuň üçin orta mekdebi tamamlap, kärhana işe gelendigimde haly dokamaga taýýardym.

Saparaý Jomartowa eýýäm 26 ýyldan bäri Halaçdaky kärhanada haly dokap gelýär. Ol köp sanly milli nagyşly halylary, sowgatlyk halyçalary dokady. Şeýle hem halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli buýurmalaryň esasynda dürli ölçegdäki halylar taýýarlan halyçy zenanlaryň biri.

— Biz her ýyl ýurdumyzda bellenilýän Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanyp geçirilýän çeper önümleriň bäsleşigine işjeň gatnaşýarys. Önümlerimiz bu bäsleşiklerde ýokary baha alýar. Ýakynda dokalyp tamamlanan balyk garny nagyşly ak halymyzy hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine hödürledik — diýip, Saparaý buýsanç bilen gürrüň berdi.

Söhbetdeşligimiziň ahyrynda ol şeýle diýdi:

— Baýramçylyk gününde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen maňa hem «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly atyň dakylmagy başymy göge ýetirdi. Bu üstünlik meni has-da höweslendirdi. Çeken zähmetimize ýokary baha berendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn. Ýurdumyzda halyçylyk sungatynyň ösmegini gazanýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, berk jan saglyk, döwletli tutumlarynda rowaçlyk arzuw edýärin.