Lebapda tomus möwsümi: şypahanalar, dynç alyş merkezleri, mümkinçilikler
Tomus golaýlaýar. Bu paslyň eýýäm adyny eşideniňden göz öňüňe dynç almak gelýär. Ildeşlerimiziň köpüsi tomus paslynda şypahanalarda, sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde saglygyny dikeltmegi we wagtyny hoş geçirmekligi meýilleşdirýär. Biziň welaýatymyzda hem möwsüme ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Çärjew etrabynda ýerleşýän 160 orunlyk «Mirap» şypahanasynda bu ýylky tomus möwsümine aýratyn taýýarlyk girizilýär. 1100 metr ýeriň aşagyndan çykýan ýod bilen broma baý bolan melhem suwly şypahanada, esasan hem, bilagyry, guragyry, degna, sowuklama, deri keselleri bejerilýär. Şypahanada adam saglygy we sapaly dynç alyş üçin döredilen şertler ildeşlerimiziň göwnüne ýarap, keýpini çaglaýar.
«Farap» şypahanasy hem ençeme ýyldan bäri hereket edip gelýär. Melhem suwly, arassa, tämiz howaly, döwrebap mümkinçilikleri bilen tapawutlanýan şypahanada myhmanlara sapaly dynç alyş döretmek maksady bilen arassaçylyk, abatlaýyş, yşyklandyryş işleri ýokary derejede guralýar. Şu möwsümde howuzlaryň, wannalaryň işi, beden terbiýe otaglarynyň mümkinçilikleri has-da kämilleşdirildi.
Bilşimiz ýaly, suwunyň düzüminde ýod, brom, magniý, gidrokarbonatly natriý, sulfatly natriý, kükürt ýaly adam saglygy üçin peýdaly elementleriň 32-si bolan şypahanada guragyry, aşgazan-içege, bagyr, öt çykaryjy ýollaryň näsazlyklary, deri keselleri bejerilýär. Ýeri gelende belläp geçsek, şypahanada iňňe-refleks bejergisiniň täze tokly görnüşi ýola goýuldy we duzly gowaklaryň sany artdyryldy.
Welaýatymyzda ýerleşýän «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem her möwsümde bolşy ýaly, bu gezek hem çagalara giňden gujagyny açýar. Bu ýerde çagalaryň wagtlaryny şadyýan we gyzykly geçirmekleri üçin uly tagallalar edilýär.
Elbetde, tomus pasly diýlende, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, ilki bilen, göz öňüňe gelýän ajaýyp ýerleriň biri. Şypaly howasy, sapaly günleri bilen Hazar deňziniň kenary diňe bir ildeşlerimiziň däl, eýsem, dünýä syýahatçylarynyň hem ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde ildeşlerimiziň ýüzlerçesine medeniýetli dynç alyşy bagyşlaýan «Lebap» sagaldyş we dynç alyş merkezi şu ýyl hem özüňiň döwrebap mümkinçilikleri bilen watandaşlarymyzyň hyzmatynda bolar.
Möwsümiň öňüsyrasynda bu ýerde ildeşlerimiziň rahat dynç almaklaryny gazanmak üçin ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Merkezdäki ähli binalarda we otaglarda abatlaýyş, durkuny täzeleýiş işleri geçirildi. Howuzlaryň, attraksionlaryň abatlygy ýene bir ýola gözden geçirildi. Dynç alýanlara ähli mümkinçilikleri döretmek üçin otaglarda amatlylyklar üpjün edildi. Mahlasy, «Lebapda» dynç aljaklara ýatdan çykmajak ýakymly günler garaşýar.