Ýatar wagty gazly suwuň zyýany

Ýatar wagty gazly suwuň zyýany

Her gije ýatmazdan öň gazly suw içýän barmy? Belki senem şeýle edýärsiň, emma bilýäňmi, bu endik seniň saglygyň üçin nähili howp döredýär?

Gazly suw köp CO2 gazyny öz içine alýar. Bu gazlar aşgazanyň içinde basyşy artdyrýar. Netijede, iýmit siňdiriş agyrlaşýar, aşgazanda agyry, çişmek we gaz toplanyşy bolýar. Ýatanyňda beden rahatlyk islär emma aşgazanda basyş ýokarlananda refluks ady bilen tanalýan ýagdaý döreýär. Refluks näme? Bu aşgazanyň içindäkiler öz-özünden ýokarlyga çykyp, iýmit turbasyny ýakýar. Netijede: ukyda köplenç irkilmek, ýürek agyrysy, agyzda ýakymsyz tagam duýulýar. Gazly suwuň käbir görnüşleri kislotaly bolýar. Bu bolsa dişleriň sagdynlygyna ýuwaş-ýuwaşdan zeper ýetirýär. Şeýle hem aşgazan diwarlaryna zeper ýetirip, gastrit we aşgazan ýaralaryna sebäp bolup biler. Gazly suwmy, arassa suwmy? Elbetde, gazly suwuň lezzeti üýtgeşik bolup biler. Emma sagdynlyk isleýän bolsaň, esasan arassa, mineral suwlara üns bermeli. Arassa suw ukynyň hilini ýokarlandyrýar, bedeniňi toksinlerden arassalaýar we irden şowhun bilen oýanmaga kömek edýär. Ýatmazdan öň arassa suwy içip görüň!