Lebap welaýatynda ilat täze gök önümler bilen üpjün edilýär

2025-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Lebap welaýatynyň ähli hojalyklarynda 2195,5 tonna gök önüm we 36,3 tonna limon öndürildi. Şeýle hem, bu döwürde welaýat boýunça 40,4 müň tonna et, 120,4 müň tonna süýt we 58,6 million sany ýumurtga öndürildi.
Önümçiligiň esasy bölegi husuzy hojalyklaryň paýyna düşýär. Bu bolsa ýurdumyzyň oba hojalygynyň ösüşinde telekeçilige giň mümkinçilikleriň döredilendigini görkezýär. Döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we döwlet goldawy bilen Lebapda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde uly üstünlikler gazanylýar.
Şeýle hem welaýatda gök önümleriň möwsümleýin ösdürilip ýetişdirilmegi bilen birlikde, ýyladyşhana enjamlarynyň giňden ulanylmagy önümçiligiň ýylboýy dowam etmegini üpjün edýär. Bu bolsa diňe içerki bazary däl, eýsem eksport mümkinçiliklerini hem artdyrýar. Lebaply daýhanlaryň we telekeçileriň zähmeti netijesinde bazarlarda täze we ýokary hilli önümler elýeterli bolýar.