Dünýäde iň uly üsti ýapyk seýilgäh

Bu derejä Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki Sea World Yas Island seýilgähi mynasypdyr. Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun alan bu seýilgäh suwasty dünýäsiniň täsinliklerini ýakyndan synlamak üçin iň uly we iň ajaýyp ýer hasaplanylýar. Bu ýerde deňizlerde we ummanlarda ýaşaýan jandarlaryň onlarça müňden gowrak görnüşi saklanylýar. 183 müň inedördül metr meýdany eýeleýän seýilgähiň her bir bölümi jahankeşdelere dürli-dürli başdan geçirmeleri bagyşlaýar. Gezelenjiň dowamynda bu ýerde Ýer ýüzüniň iň sowuk ýerleriniň jandarlaryny hem ýakyndan synlamak mümkin. Syýahatçylara jemi 58 million litr suw saklaýan howdanlarda guralýan şüweleňlere gatnaşmak, seýilgähiň hünärmenleriniň kömegi bilen deňiz jandarlarynyň arasynda gezelenç etmek mümkinçiligide ýola goýlandyr.