Türkmen karateçileri Samarkantda 6 altyn medal bilen ýeňiş gazandylar!
Türkmenistanyň kyokuşinkaý karate boýunça ýygyndy topary, 2025-nji ýylyň 30-njy maýyndan 1-nji iýunyna çenli Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen halkara ýaryşda özleriniň ýokary taýýarlygyny görkezdi. Türkmen türgenleri ýaryşda jemi 15 medal, şol sanda 6 altyn gazanyp, ýurdumyzyň sport abraýyny halkara derejesinde dabaralandyrdylar.

Ýeňişleriň sanawy:
Erkekleriň arasynda:
-
Süleýmandurdy Sähedow — 70 kg çenli — Altyn medal
-
Meýlis Paşagulyýew — 90 kg çenli — Altyn medal
-
Myrat Ekeýew — 90 kg-dan ýokary — Kümüş medal
Ýaşlaryň arasynda (14–15 ýaş):
-
Bagtyýar Ýegenmyradow — 60 kg çenli — Altyn medal
-
Döwletmyradow Ylham — 60 kg-dan ýokary — Bürünç medal
-
Ýazdurdyýew Ýazdurdy — 50 kg çenli — Bürünç medal
Gyzlaryň arasynda:
-
Päwiýewa Laçyn — 55 kg-dan ýokary — Altyn medal
-
Saparmyradowa Gülnur — ikkinji orun — Kümüş medal
-
Annamyradowa Gurbanbibi — 45 kg çenli — Kümüş medal
Uly ýaşly oglanlaryň arasynda (16–17 ýaş):
-
Akmyrat Omarow — 55 kg çenli — Altyn medal
-
Daýanç Döwletow — Kümüş medal
-
Söýenç Nonykow — Bürünç medal