Lamin Ýamal “Ýylyň öňegidişligi” baýragynyň eýesi boldy

Lamin Ýamal “Ýylyň öňegidişligi” baýragynyň eýesi boldy

Apr 23, 2025 - 10:45
Lamin Ýamal “Ýylyň öňegidişligi” baýragynyň eýesi boldy

“Barselonanyň” we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň 17 ýaşly wingeri Lamin Ýamal 2025-nji ýylyň Laureus World Sports Awards dabarasynda “Ýylyň öňegidişligi” baýragyna mynasyp boldy. Bu barada baýragyň metbugat gullugy X sosial ulgamynda habar berdi.

Ýamal şu möwsüm “Barselonanyň” üstünliklerinde möhüm rol oýnady. Ol La Ligada 6 gol geçirip, 12 assist bilen çykyş etdi, şeýle hem Çempionlar ligasynda 3 gol bilen tapawutlandy. 2024-nji ýylyň tomsunda ol 16 ýaşynda Ýewropa çempionatyna gatnaşan iň ýaş oýunçy hökmünde taryha giripdi we 17 ýaşynyň dolan gününiň ertesi oýunda ýeňiş gazanypdy.

Geçen ýyl bu nominasiýada baýrak “Realyň” ýarymgoragçysy Jud Bellingema berlipdi. Baýrak halkara eminler topary tarapyndan hödürlenýär we dünýäniň tanalýan sportçylary tarapyndan ses berilýär.