Dubaý şokoladyna bolan isleg dünýäde pissäniň ýetmezçiligine sebäp boldy

Dubaý şokoladyna bolan isleg dünýäde pissäniň ýetmezçiligine sebäp boldy

Apr 21, 2025 - 16:10
Dubaý şokoladyna bolan isleg dünýäde pissäniň ýetmezçiligine sebäp boldy

Dubaý şokoladynyň sosial ulgamlarda uly meşhurlyga eýe bolmagy sebäpli, pissäniň maňzyna bolan isleg artdy. Netijede, onuň bahasy hem ýokarlandy: häzirki wagtda 450 gram pissäniň bahasy 7,65 dollardan 10,30 dollara çenli çykdy diýip, Financial Times ýazýar.

Pissäniň esasy öndürijileri bolan ABŞ bilen Eýranda öndürilýän pissä dünýä bazarynda ýetmezçilik döräp başlady. ABŞ-da geçen ýyl pissäniň hasyly az bolansoň, ýetmezçilik eýýäm duýulyp başlanypdy. Şeýle-de bolsa, şol az miwäniň hili ýokary bolandygy sebäpli pissäniň köpüsi gabygy bilen bilelikde satyldy. Bu ýagdaý bolsa, şokolad önümlerinde ulanylýan arassalanan pissäniň has-da azalmagyna getiripdir.

2024-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýylyň martyna çenli eýranly eksportçylar Birleşen Arap Emirliklerine ozalky döwür bilen deňeşdirilende 40%-den gowrak pisse eksport edipdirler.

Şweýsariýanyň dünýä belli şokolad brendleri — “Läderach” we “Lindt” hem Dubaý şokoladynyň meşhurlygyndan soň, bu görnüşdäki önümleri öndürmäge başladylar. Olar muňa çenli beýle görnüşli şokolady öndürmeýärdiler. Emma Dubaýly şokolad öndüriji “Fix” markasynyň gazanan uly meşhurlygyndan soň, olar hem öz görnüşlerini çykardylar. Häzirki wagtda bolsa bu kompaniýalar halkara bazarynda dörän islegi kanagatlandyrmakda kynçylyk çekýärler.

Beýik Britaniýanyň birnäçe ýokary hilli şokolad brendlerini birleşdirýän “Prestat Group-yň” baş direktory Çarlz Žandro bu täze şokolad görnüşine bolan islegiň tutuş pudagy geň galdyrandygyny aýdýar:

— Hemme zat duýdansyz boldy. Görýän welin, birdenkä her bir dükanda bu şokolady tapyp bolýar — diýip, ol belleýär.

Dubaý şokolady — kadaýf bilen pissäniň garyndysyndan taýýarlanan içlik bilen doldurylan süýji görnüşidir. Ol Birleşen Arap Emirliklerinde öndürilýär. Ilkinji gezek 2021-nji ýylda peýda bolup, tiz wagtda syýahatçylaryň arasynda meşhurlyga eýe boldy. 2023-nji ýylda TikTok-da ol baradaky ilkinji wideonyň peýda bolmagy bilen, bu şokolad has-da tanaldy we şol wideony 120 milliondan gowrak adam gördi.