Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan uruş weteranlaryna pul we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar

1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli, uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberinde pul sowgady we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar. Bu çäre barada degişli Permana Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çekdi.
Bu çäreler şäher, etrap hem-de welaýat häkimlikleri tarapyndan ýokary guramaçylyk bilen geçiriler. Bu resminama, uruş weteranlarynyň we ak saçly enelerimiziň söweşde we zähmetde görkezilen gahrymançylygyny hormatlamak, ýaş nesilleri watançylyk, gahrymançylyk we mertlik ruhunda terbiýelemek maksady bilen kabul edilendir. Şeýle hem, bu baýramçylyk çäresi Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli kabul edildi.