Türkmenistanda Liwiýanyň medeniýet günleri geçirildi

Türkmenistanda Liwiýanyň medeniýet günleri geçirildi

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Liwiýanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen çäreler sungat we däp-dessurlar baýramyna öwrüldi. Bu medeni çäre iki ýurduň halklarynyň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak, birek-biregiň milli mirasyna hormat goýmak hem-de dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen geçirildi.

Baýramçylyk çäreleriniň iň möhüm bölegi paýtagtymyzyň “Watan” kino-konsert merkezinde guralan türkmen we liwiyaly artistleriň bilelikdäki konserti boldy. Konsertde tomaşaçylara Liwiýanyň milli sazlary, tanslary, döwrebap sahna çykyşlary hem-de milli lybaslarynyň özboluşlylygy görkezildi. Şol bir wagtda türkmen sungatynyň hem baýlygyny görkezýän çykyşlar giňden orun aldy.

Liwiyaly artistler Türkmenistana bolan saparlaryndan uly kanagatlanma bilen çykyş etdiler. Liwiyaly aýdymçy Halid Alzuwawi türkmen dilinde aýdylan halk aýdymyny ýerine ýetirmegiň özleri üçin aýratyn buýsançdygyny aýtdy. Ol türkmen halkynyň sungata bolan söýgüsine we onuň ruhy gözelligine haýran galandygyny nygtady.

Liwiyaly sazanda Abdulbasit Bendalla bolsa türkmen halk sazlaryna bolan gyzyklanmasyny we türkmen saz gurallarynyň owazynyň özboluşlylygyny belläp geçdi. Ol türkmen we liwiýa halk sazlarynyň arasynda ruhy meňzeşligiň bardygyny hem belledi.

Artistler paýtagtymyzyň medeni desgalary — Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumy, Döwlet muzeýi we Bezeg sungaty muzeýi bilen hem tanyşdylar. Ol ýerlerde türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we sungat eserleri bilen ýakyndan tanyşmak olarda çuňňur täsir galdyrdy.

Liwiýanyň Medeniýet günleriniň üstünlikli geçmegi Türkmenistanyň halkara medeni gatnaşyklary ösdürmekde alyp barýan syýasatynyň aýdyň netijesi bolup durýar. Şeýle çäreler diňe bir dostluk gatnaşyklaryny güýçlendirmek bilen çäklenmän, halklaryň özara düşünişmegini we medeniýetara dialogy giňeltmäge hem ýardam edýär.